HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ulag we logistikada arabaglanyşyk dünýä ykdysadyýetinde netijeli hereketlendiriji: Jon Makgregor

Maý 03, 2023 | 23:12 |9568
Ähliumumy pandemiýa we global üpjünçilik zynjyrlaryna we üstaşyr ugurlara barha artýan basyş käbir meseleleri hasam kynlaşdyrdy we Merkezi Aziýada deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysadyýetine täsirini ýetirdi. Şeýle-de bolsa, Orta Aziýanyň, Kawkazyň, Türkiýäniň we Gündogar Ýewropanyň desgalary we ykdysadyýetleri arkaly Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýük torlaryny birleşdirýän köptaraplaýyn multimodal ulag ugry bolan Orta geçelgäniň ösüşi Merkezi Aziýa, Kawkaz we beýleki ýurtlaryň ykdysadyýetleri üçin uly ähmiýete eýe bolup biler – diýip, Aşgabatdaky OSCE merkeziniň başlygy, ilçi Jon Makgregor çarşenbe güni Aşgabat şäherinde “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” (ITTC-2023) atly halkara maslahatda eden çykyşynda aýtdy.Ähliumumy pandemiýa we global üpjünçilik zynjyrlaryna we üstaşyr ugurlara barha artýan basyş käbir meseleleri hasam kynlaşdyrdy we Merkezi Aziýada deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysadyýetine täsirini ýetirdi. Şeýle-de bolsa, Orta Aziýanyň, Kawkazyň, Türkiýäniň we Gündogar Ýewropanyň desgalary we ykdysadyýetleri arkaly Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýük torlaryny birleşdirýän köptaraplaýyn multimodal ulag ugry bolan Orta geçelgäniň ösüşi Merkezi Aziýa, Kawkaz we beýleki ýurtlaryň ykdysadyýetleri üçin uly ähmiýete eýe bolup biler – diýip, Aşgabatdaky OSCE merkeziniň başlygy, ilçi Jon Makgregor çarşenbe güni Aşgabat şäherinde “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” (ITTC-2023) atly halkara maslahatda eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: orient.tm

Ähliumumy pandemiýa we global üpjünçilik zynjyrlaryna we üstaşyr ugurlara barha artýan basyş käbir meseleleri hasam kynlaşdyrdy we Merkezi Aziýada deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysadyýetine täsirini ýetirdi. Şeýle-de bolsa, Orta Aziýanyň, Kawkazyň, Türkiýäniň we Gündogar Ýewropanyň desgalary we ykdysadyýetleri arkaly Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýük torlaryny birleşdirýän köptaraplaýyn multimodal ulag ugry bolan Orta geçelgäniň ösüşi Merkezi Aziýa, Kawkaz we beýleki ýurtlaryň ykdysadyýetleri üçin uly ähmiýete eýe bolup biler – diýip, Aşgabatdaky OSCE merkeziniň başlygy, ilçi Jon Makgregor çarşenbe güni Aşgabat şäherinde “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” (ITTC-2023) atly halkara maslahatda eden çykyşynda aýtdy.

Bu mowzuk Hazar we Gara deňiz sebitlerindäki deňiz portlary üçin bähbitli boljak, şeýle hem durnukly aragatnaşygyň ulanylmagyny öňe sürmek, öz portlaryny, ýer logistika merkezlerini kämilleşdirmek, ýaşyl energiýany ulanmagy höweslendirmek we logistika pudagynda aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly meseleleri çözmekde peýdaly boljak ÝHHG-niň «Hazar deňzi sebitinde “ýaşyl” portlaryň we özara baglanyşyklylygyň ösdürilmegine ýardam bermek» taslamasynyň üns merkezinde boldy.

1.JPEG

ÝHHG esasy syýasy platformany üpjün edýär we mundan peýdalanýan ýurtlar dolandyryş komiteti hökmünde, taslama üçin doly jogapkärçilik çekýärler. Bu ýerde Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň hemmesi sebitde we onuň daşynda söwda we ulag hyzmatdaşlygyny artdyrmak üçin syýasy taýynlygy paýlaşýarlar.

Ulag geçelgelerini kämilleşdirmek gyzyklanýan taraplar üçin ýüklerini ýa-da ýük awtoulaglaryny yzarlamak, serhet geçelgelerinde, logistika merkezlerinde we portlarda uzyn nobatlardan gaça durmak, zyňyndylary azaltmak we howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmaga goşant goşmak üçin möhümdir. Diplomatyň bellemegine görä, bu ýerde ÝHHG-nyň BMG-niň ÝYK bilen bilelikde işläp düzen serhet proseduralaryny we serhetaşa ýük daşamalary ýönekeýleşdirmek boýunça amaly gollanmasy möhüm kömek bolar.

2.JPEG

Bu resminama gümrük we serhet gullugynyň işgärleri üçin okuwlary we seminarlary geçirmekde geljekki amaly işler üçin esas bolar. Durnukly ulaga bolan üns dünýädäki söwdanyň pandemiýadan soňky global ykdysady ösüşi ýokarlandyryp, dowam edip biljekdiginie güwä geçýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026