HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nyrhlaryň peselmegi Ýewropa – MA ulag geçelgesi boýunça ýük gatnawyny artdyrar

Maý 03, 2023 | 22:07 |23374
― Men Aşgabatda Türkmenistanyň hökümeti bilen üstünlikli gepleşikleri geçirdim. Biz ulag pudagynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň anyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Gürrüň, hususan-da, häzirki wagtda ýol ulag operatory tarapyndan berilýän ýol üçin rugsat hatynyň ýatyrylmagy barada boldy. Bu ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin möhüm ädimdir we Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag geçelgeleriniň ösmegine goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär - diýip, Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary, Gara deňiz - Hazar deňzi halkara ulag ugrunyň strategiki taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň utgaşdyryjysy Adrian Fogiş Aşgabat ITTC-2023 Halkara ulag forumynda eden çykyşynda aýtdy.― Men Aşgabatda Türkmenistanyň hökümeti bilen üstünlikli gepleşikleri geçirdim. Biz ulag pudagynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň anyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Gürrüň, hususan-da, häzirki wagtda ýol ulag operatory tarapyndan berilýän ýol üçin rugsat hatynyň ýatyrylmagy barada boldy. Bu ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin möhüm ädimdir we Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag geçelgeleriniň ösmegine goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär - diýip, Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary, Gara deňiz - Hazar deňzi halkara ulag ugrunyň strategiki taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň utgaşdyryjysy Adrian Fogiş Aşgabat ITTC-2023 Halkara ulag forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: orient.tm

― Men Aşgabatda Türkmenistanyň hökümeti bilen üstünlikli gepleşikleri geçirdim. Biz ulag pudagynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň anyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Gürrüň, hususan-da, häzirki wagtda ýol ulag operatory tarapyndan berilýän ýol üçin rugsat hatynyň ýatyrylmagy barada boldy. Bu ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin möhüm ädimdir we Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag geçelgeleriniň ösmegine goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär - diýip, Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary, Gara deňiz - Hazar deňzi halkara ulag ugrunyň strategiki taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň utgaşdyryjysy Adrian Fogiş Aşgabat ITTC-2023 Halkara ulag forumynda eden çykyşynda aýtdy.

1.JPEG

Şeýle hem, ol Türkmenistanyň we Rumyniýanyň «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ugruny döretmek başlangyjyny öňe sürenleriň hatarynda bolandygyny aýtdy. Rumyniýaly bilermenler Gruziýa we Azerbaýjan bilen täze ulag ugruny döretmek başlangyjynyň üstünde işleýärler. Bu ugur diňe bir ýükleriň çalt üstaşyr geçmegini üpjün etmän, eýsem Rumyniýany Orta geçelgäniň beýleki ugurlary bilen birleşdirer we multimodal toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmäge mümkinçilik berer. Fogiş bu meselede TRACECA-nyň birleşdiriji gurama boljakdygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ugry boýunça hökümetara ylalaşygy ara alyp maslahatlaşmak we taýýarlamak işleri dowam edýär. Resminama gol çekilmegi ähli ýurtlar üçin möhüm ädim bolar we şertnamanyň özi ulag pudagynda hyzmatdaşlyk üçin berk esas bolar. Rumyniýanyň ministri gürrüňiň bu üstaşyr geçelgäni üpjün etmek üçin geljegi uly bolan zerur taslamalar we maýa goýumlary barada barýandygyny belledi.

2.JPEG

Maýa goýum borçnamalary ähli ýurtlara degişlidir - bu döwletara we infrastruktura gatnaşyklaryny pugtalandyrar, şeýle hem "ýumşak" ýa-da fiziki däl päsgelçilikleri ýok etmek üçin bilelikdäki çäreleri, şol sanda serhet gözegçiligini we gümrük gözegçiligi prosedurasyny işläp düzmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda gijikdirmeler hut şu ugurlarda ýüze çykýar. Amallar ýönekeýleşdirilmeli we bu bolsa öz gezeginde ulag geçelgesi boýunça ýük daşama işini çaltlaşdyrar.

3.JPEG

Şeýle hem, hökümetara ylalaşygyň çäginde nyrhlary peseltmek meselesine serediler - bu mowzuk döwlet edaralary we hususy kärhanalar üçin hem gyzykly. Çykdajylaryň azalmagy ulag geçirijilik mümkinçiliginiň artmagyna we ýük daşama wagtynyň gysgalmagyna täsirini ýetirer – diýip, Rumyniýanyň Ulag ministri aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026