BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy welosipedli ýörişe çagyrýar


3-nji iýunda bellenip geçilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy welosipedli ýöriş guraýar. Bu barada hemişelik wekilhananyň resmi saýty habar berýär.
Welosiped ýörişi 2-nji iýunda geçer we BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynyň ýanyndan başlar.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy durnukly ösüşi gazanmakda, «sagdyn» we howpsuz daşky gurşawy üpjün etmekde, şeýle hem welosiped sportuny meşhur etmekde şahsy goşandyny goşmaga çagyryp, isleg bildirýänleri welosipedli ýörişe gatnaşmaga çagyrýar.
Ähli soraglar boýunça şu elektron poçtasyna ýazmaly: turkmenistan.un@mfa.gov.tm.
Bütindünýä welosiped güni (World Bicycle Day) 2018-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edildi.
Welosiped BMG tarapyndan tötänden şahsy baýrama mynasyp bolmady. Bu ulagyň elýeterli we iň ekologiki görnüşidir. Daşky gurşaw barada, şeýle hem öz saglygy barada alada edýänler ony saýlaýarlar.
ORIENT habarlar








