KazanForum 2023-de YHG-nyň ýaş telekeçileriniň taslamalaryny görkezerler


18-19-njy maýda boljak «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum 2023» Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Yslam hyzmatdaşlyk guramasy ýurtlarynyň ýaş telekeçileriniň gönümel gatnaşmaklary arkaly IX Kazan forumynyň duşuşygy geçiriler.
Gurultaýda 30 startap görkeziler, olaryň iň gowulary Russiýanyň hökümeti tarapyndan goldaw alarlar.
Häzirki wagtda ýaş telekeçileriň forumynyň onlaýn-tapgyry geçýär. 20-nji maýa çenli gatnaşyjylar 20 sagat leksiýa diňlärler, halkara ussatlar we bilermenler bilen şahsy we toparlaýyn sessiýalaryň 80 sagadyny diňlärler. Olar şeýle hem YHG ýurtlaryndan irki döwürdäki startaplary goldamak üçin gerekli bolan serişdeler bilen tanşarlar.
KazanForumda şeýle hem Russiýa bilen YHG-nyň arasyndaky sport aragatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar. «Sport — Russiýanyň we Yslam dünýäsiniň durnukly hyzmatdaşlygynyň faktory», «YHG ýurtlarynda bedenterbiýäni-sporty ösdürmegiň çäklerinde Halkara hyzmatdaşlygy» sessiýalary göz öňünde tutulýar.
ORIENT habarlar








