OTG Türkmenistany arkadaş portlaryň mehanizmine goşulmaga çagyrdy


Türki dilli döwletleriň guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow şekilli aragatnaşyk arkaly «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023) Aşgabat maslahatynda çykyş etmek bilen Türkmenistany arkadaş portlaryň mehanizmine birikmäge çagyrdy.
«Deňiz we gury ýer portlary ýaly ulag operatorlarynyň, şeýle hem logistiki merkezleriň arasynda utgaşdyrmany güýçlendirmek üçin biz Sister Ports mehanizmini döretdik. Biz Türkmenistanyň deňiz portlaryny bu ulgama çagyrýarys. Bu tora birikmek bilen Türkmenistanyň deňiz portlary beýleki portlaryň tejribesini we serişdelerini ulanyp biler, şeýle hem oňa özleriniň ajaýyp bilimlerini we mümkinçiliklerini girizip bilerler» - diýip, Azimow çykyşynda gürrüň berdi.
Mundan başga-da, Azimow Türkmenistanyň demir ýol pudagy babatynda özara arabaganyşyga işjeň gatnaşýandygyny belledi. Bu babatda OTG-nyň baş sekretarynyň orunbasary Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol geçelgesiniň gurulmagy Türkmenistan üçin Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag çatrygy hökmünde goşmaça mümkinçilikleri açjakdygyny belledi.
ORIENT habarlar








