HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Söwda resminamalarynyň ýönekeýleşdirilmegi Türkmenistanyň BSG-ä girmegini çaltlaşdyryp biler

Maý 02, 2023 | 22:30 |7400
Halkara söwda proseduralarynyň ýönekeýleşdirilmegi we "bitewi penjire" mehanizmini ulanmak Türkmenistanyň BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň, şol sanda ýurduň BSG-ä goşulmak prosesini hem göz öňünde tutýan iň möhüm taraplaryndan biri hasaplanýar. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmenistanyň BMG-nyň ÝYK-yň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Maryasin bilen geçiren duşuşygynda gürrüň edildi.Halkara söwda proseduralarynyň ýönekeýleşdirilmegi we "bitewi penjire" mehanizmini ulanmak Türkmenistanyň BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň, şol sanda ýurduň BSG-ä goşulmak prosesini hem göz öňünde tutýan iň möhüm taraplaryndan biri hasaplanýar. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmenistanyň BMG-nyň ÝYK-yň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Maryasin bilen geçiren duşuşygynda gürrüň edildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Halkara söwda proseduralarynyň ýönekeýleşdirilmegi we "bitewi penjire" mehanizmini ulanmak Türkmenistanyň BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň, şol sanda ýurduň BSG-ä goşulmak prosesini hem göz öňünde tutýan iň möhüm taraplaryndan biri hasaplanýar. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmenistanyň BMG-nyň ÝYK-yň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Maryasin bilen geçiren duşuşygynda gürrüň edildi.

Daşary işler ministrliginiň saýtynda berilýän maglumatlara görä, hyzmatdaşlygyň beýleki geljegi uly ugurlarynyň arasynda energetika, daşky gurşaw meseleleri, şäher meýilnamalaşdyryş we Türkmenistanda Arkadag şäheriniň döredilmegi bilen baglylykda, “akylly” şäherleri ösdürmek meselesi agzaldy.

Söhbetdeşler, şeýle hem BMG-nyň meýdançasynda ulag diplomatiýasyny ösdürmekde Türkmenistanyň esasy roly barada umumy pikirlerini beýan etdiler. Bu rol we multimodal transporty ösdürmek boýunça ýurduň halkara başlangyçlary bar bolan ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we täzesini milli we sebit derejesinde ornaşdyrmak boýunça taslamalarda iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.

Dmitriý Maryasin 3-4-nji maýda geçirilýän "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş-2023" atly forumyň işine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026