Türkmenistanyň BMG-niň ÝYK bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy


2-nji maýda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Aşgabada sapar bilen gelen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetirji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar, şol sanda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak babatyndaky, Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatynda Gün tertibini ýerine ýetirmek boýunça ikinji meýletin milli Synyna taýýarlyga garap geçdiler.
Aýratyn üns Merkezi Aziýa ýurtlary, Owganystan we Azerbaýjan (SPEKA) üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň ministrler duşuşygyny geçirmekligiň meselelerine berildi, oňa BMG-niň ÝYK we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady komissiýasy (ESKATO) tarapyndan goldaw berilýär.
Hususan-da, söhbetdeşler SPEKA gaznasynyň döredilmegini we bu mesele boýunça Aşgabat tarapyndan degişli goldaw berilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem SPEKA-nyň nobatdaky ministrler duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek baradaky meseläniň üstünde durlup geçildi.
Duşuşykda şeýle hem Türkmenistanyň DÖM boýunça ikinji meýletin milli Synyny taýýarlamagyň meselelerine seretdiler, ol 2023-nji ýylyň iýunynda BMG-niň durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki Syýasy forumyna hödürleniler.
Şeýle hem agzalan ýokary derejedäki duşuşykda Arkadag şäherine bagyşlanan goşmaça çäreleri geçirmek teklip edildi, ol şäheriň konsepsiýasy akylly ulgamlaryň ekologiki taýdan arassa tehnologiýalar bilen integrirlenmegine esaslanandyr, şol sanda jemgyýetçilik ulagy babatynda, onuň şäher ulag parkyny elektrobuslar we elektromobiller düzerler.
ORIENT habarlar








