HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we HWG tehniki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Maý 02, 2023 | 11:24 |7673
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew HWG-nyň ýanyndaky Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary üçin mümkinçilikleri ösdürmegiň Sebitleýin merkeziniň direktory Norbert Funke bilen duşuşyk geçirdi, ol Merkeziň wekiliýetiniň baştutany hökmünde Aşgabada sapar bilen geldi.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew HWG-nyň ýanyndaky Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary üçin mümkinçilikleri ösdürmegiň Sebitleýin merkeziniň direktory Norbert Funke bilen duşuşyk geçirdi, ol Merkeziň wekiliýetiniň baştutany hökmünde Aşgabada sapar bilen geldi.
Çeşme: Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet Ministrligi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew HWG-nyň ýanyndaky Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary üçin mümkinçilikleri ösdürmegiň Sebitleýin merkeziniň direktory Norbert Funke bilen duşuşyk geçirdi, ol Merkeziň wekiliýetiniň baştutany hökmünde Aşgabada sapar bilen geldi.

Taraplar Türkmenistanda maliýe babatynda özgertmelere ýardam etmäge we milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga niýetlenen mundan beýläkki tehniki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Habar berlişi ýaly, 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri Merkeziň dürli meselelere bagyşlanan okuwlarynyň onlarçasyndan gowragyna gatnaşdylar. Gatnaşmak hem onlaýn görnüşde, hem däp bolup gelýän formatda bolup geçdi.

Funke Merkeziň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň ösüşine kanagatlanma bildirdi we tehniki özara gatnaşygy giňeltmek üçin mümkinçiligiň bardygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar degişli teklipleri alyşdylar.

Merkeziň baştutany sebitleýin maslahatlaşmalardan başga-da, ikitaraplaýyn gatnaşyklary guramak mümkinçiliginiň bardygyny belledi, onuň çäklerinde hünärmenler türkmen kärdeşlerine döwlet maliýesini dolandyrmak, girdejilere gözegçilik etmek we olary dolandyrmak meseleleri boýunça tehniki goldaw bererler.

Umuman, taraplar özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin düýpli mümkinçiligiň bardygyny kanagatlanma bilen tassykladylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026