Täjigistanda Merkezi Aziýanyň taryhyny öwrenmek boýunça uly gerimli ekspediýa guralar


1-nji maýdan 25-nji maý aralygynda Täjigistanda Merkezi Aziýanyň gadymy taryhyny öwrenmek boýunça uly gerimli ekspedisiýa guralar. MDU-niň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary mele toprakly paleolit düşelgeleriniň ylmy-barlagyny geçirerler. Bu ajaýyp arheologik desgalar 1 mln ýyl mundan ozal adamzadyň Merkezi Aziýa girmeginiň şaýatlarydyr.
2023-nji ýylyň meýdan işleri Günorta Täjigistanda Russiýanyň ylmy gaznasynyň goldaw bermeginde gözleg-agtaryş işleriniň bäş ýyllyk döwrüni tamamlar. Ekspedisiýanyň topary geografiýaçylary, arheologlary, geologlary, topragy öwrenijileri, geofizikleri we absolýut seneleşdirmek boýunça hünärmenleri bir ugur boýunça ylmy-gözlegleri alyp barmak üçin birleşdirdi. Alymlara sebitiň taryhyny aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýän düýpli soraglaryň birnäçesine jogap bermek başartdy. Şeýlelikde, ylmy-barlagçylar gadymy adamyň Merkezi Aziýa girmeginiň 1 mln ýyl mundan ozal bolup geçndigini, Merkezi Aziýada demografik taýdan ilatyň köpelmeginiň mundan 500-400 müň ýyl ozal bolup geçendigini kesgitlediler.
Mundan başga-da, alymlar gadymy adamlaryň dört sany iri migrasiýasyny ýüze çykardylar, olar 1 mln, 600, 200 we 50 müň ýyl mundan ozal yzygiderli toparlar bilen gelip, sebite ýerleşipdirler, gözleg işleriniň netijesinde buzluk döwürlerde we buzluk döwürleriň aralygynda tebigy, howa şertlerini we landşaftlaryň üýtgändigini ýüze çykardylar.
Netijeler toplumlaýyn pudagara barlaglaryň esasynda edilipdir: dag jynslarynyň petromagnetizmini we paleomagnetizmini öwrenmek, gadymy topraklaryň gurluşyny we himiki düzümini öwrenmek, paleolitiň daş ýaraglarynyň 3D-modelirlemesi we olary döretmegiň tapgyrlarynyň abatlanmagynyň netijesinde ýerine ýetirilipdir.
Kosmogen we lýuminisent seneleşdirmegiň has döwrebap usullarynyň ulanylmagy gatlaklaryň ýaşy we olar bilen bagly wakalar barada täze rewolýusion maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. Şunuň ýaly mümkinçilik alymlarda 2020-nji ýylda MDU-niň geografýa fakultetinde optiki-stimulirlenen lýuminisent seneleşdirmek laboratoriýasynyň dördilmegi bilen peýda boldy.
Bu möwsümde ylmy-barlaglaryň bäş ýyllyk döwrüni tamamlaýan uly gerimli ekspedisiýa meýilleşdirilýär. Bu bolsa gadymy migrasiýalaryň ugruny kesgitlemäge we Merkezi Aziýa ilkinji adamlaryň nireden gelendigi baradaky soraga jogap bermäge mümkinçilik berer.
ORIENT habarlar








