Suwuklandyrylan gazy Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Pakistana daşamak başlandy


Talyban hökümeti «Ýasyr Basyr» halkara firmasynyň suwuklandyrylan nebit gazyny Türkmenistandan Pakistana Owganystanyň üsti bilen daşap başlandygyny habar berdi. Bu habar, Talyban hökümetiniň Kandahardaky edarasy tarapyndan Kandagaryň Şurandum şäherinde geçirilen resmi dabarany öz içine alýan habar býulleteninden geldi.
Şeýle hem bu ýurtlaryň gün tertibinde TAPI gaz taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bar. TAPI turbageçirijisi, energiýa baý Türkmenistany Pakistan we Hindistan bilen Owganystanyň üsti bilen birleşdirmek üçin niýetlenendir. Dünýäniň ikinji uly gaz ýatagy bolan Galkynyş ýatagyndan 1800 kilometr uzaklykda her ýyl 33 milliard kub metr tebigy gazyň Pakistan bilen serhet ýakasyndaky Hindistanyň Fazilka şäherine eltilmegine garaşylýar.
Energiýa ýetmezçiligi bilen yzygiderli göreşýän Owganystanyň gazyň 5 göterimini sarp etmegine, galan böleginiň bolsa Pakistan bilen Hindistanyň arasynda deň paýlanylmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Kabul bu ylalaşyk saýasynda ýüzlerçe million dollar üstaşyr tölegini alyp biler diýip, BNN Breaking ýazýar.
ORIENT ozal gyşyň sowuklygy (2022-nji ýylyň dekabry) sebäpli gaz ýetmezçiligi krizisine duçar bolup, Pakistan hökümetiniň suwuklandyrylan nebit gazyny (SNG) Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen import etmek meýilnamalaryny taýýarlandygyny ýazdy.
ORIENT news








