HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TAPI taslamasy Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegine ýardam eder

Aprel 28, 2023 | 11:07 |15701
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurulmagy sebitiň ýaşaýjylaryny elýeterli bahadan gaz bilen üpjün eder, bu bolsa daşky gurşawyň hapalanma derejesini kemelder we howa boýunça Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmäge ýardam eder.Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurulmagy sebitiň ýaşaýjylaryny elýeterli bahadan gaz bilen üpjün eder, bu bolsa daşky gurşawyň hapalanma derejesini kemelder we howa boýunça Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmäge ýardam eder.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurulmagy sebitiň ýaşaýjylaryny elýeterli bahadan gaz bilen üpjün eder, bu bolsa daşky gurşawyň hapalanma derejesini kemelder we howa boýunça Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmäge ýardam eder.

Bu barada Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň barşynda TAPI Pipeline Company Ltd kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Muhammetmyrat Amanow beýan etdi.

Ol geçirilen barlaglara görä, girdejileriň pes etraplarynda howanyň hapalanmagynyň artýandygynyň görünýändigini, ol ýerde adamlaryň pes hilli ýangyjy sarp etmäge mejburdyklaryny ýa-da açyk otda iýmit taýýarlamak üçin el astyndaky serişdeleri ulanmaga mejbur bolýandyklaryny belledi.

Daşky gurşawa täsirinden başga-da, ýokarda agzalan ýagdaýlar ilatyň saglygyna ters täsir edýär we dürli ýürek, pnewmoniýa, süýji we öýkeniň düwnük keselleriniň döremeginiň sebäbi bolup durýar, şeýle hem infarktlaryň we insultlaryň ähtimallaygyny artdyrýar.

Şeýlelik bilen, hojalykda ekologiki taýdan arassa tebigy gazyň ulanylmagy howa boýunça Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmekde möhüm orun eýelemäge ukyplydyr, ol ylalaşyk atmosferada kömürturşy gazynyň derejesini kemeltmek boýunça çäreleri göz öňünde tutýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026