Türkiýäde awiasiýanyň we kosmos tehnologiýalarynyň festiwaly geçýär


Stambulyň Atatürk adyndaky howa menziliniň çäginde ylmy we tehnologiýany söýüjiler üçin awiasiýanyň we kosmos tehnologiýalarynyň TEKNOFEST festiwaly ýedinji gezek öz gapylaryny açdy – diýip, türk maglumatlar agentligi Anadolu habar berýär.
Her ýylda TEKNOFEST tehnologiki bäsleşiklere, awiasiýa şüweleňine, konsertlere, şeýle hem dürli temalardaky çekişmelere gatnaşmak üçin milliona golaý adamy ýygnaýar.
TEKNOFEST-iň bäsleşiklerindäki baýrak gaznasy bu ýyl 13 mln türk lirasyndan gowrakdyr. 30 mln-dan gowrak türk lirasy gatnaşyjylary maddy taýdan goldamaga gönükdiriler. Ýaryşlar akylly ulag, biotehnologiýalar babatynda innowasiýalar, mikroshemalary işläp düzmek, wertikal gonujy raketalar, bilim tehnologiýalary ýaly derejelerde geçirilýär.
Çäräniň hyzmatdaşlary festiwalyň meýdançasynda öz işläp düzmelerini we önümlerini görkezmek üçin diwarlyklary açarlar. TEKNOFEST 1-nji maýa çenli dowam eder.
ORIENT habarlar








