HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşoguz welaýatynda abatlaýyşdan soňra atçylyk-sport toplumy gaýtadan ulanyşa berildi

Aprel 28, 2023 | 17:10 |6531
Daşoguz welaýatynda abatlaýyşdan soňra atçylyk-sport toplumy ýene açyldy – diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň saýty habar berýär. Bu wakanyň hormatyna toplumyň çäginde dabaraly çäreler we at çapyşyklary geçdi.Daşoguz welaýatynda abatlaýyşdan soňra atçylyk-sport toplumy ýene açyldy – diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň saýty habar berýär. Bu wakanyň hormatyna toplumyň çäginde dabaraly çäreler we at çapyşyklary geçdi.
Çeşme: tdh.gov.tm

Daşoguz welaýatynda abatlaýyşdan soňra atçylyk-sport toplumy ýene açyldy – diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň saýty habar berýär. Bu wakanyň hormatyna toplumyň çäginde dabaraly çäreler we at çapyşyklary geçdi.

Meýdany 50 ga-dan gowrak bolan atçylyk-sport toplumy dürli maksatly 38 desgadan ybarat şäherçä öwrüldi. Olar atlary saklamak we atly sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli gerekli zatlar bilen üpjün edilendir. 50 at üçin dört sany atýatak, manež, türgenleşik meýdançasy, atlary ýuwundyrmak üçin howuz, karantin üçin we olara gerekli weterinar kömegini bermek üçin bölüm guruldy.

3 müň tomaşaça niýetlenen toplumyň çäginde şeýle hem dabaralary geçirmek üçin zal, awtoduralga, çagalar we sport meýdançalary, tomusky amfiteatr we maslahatlar zaly göz öňünde tutulypdyr.

Abatlamagyň çäklerinde çapuw ýodajygy täzeden çekildi. Şeýlelikde, ol çagylyň we üwelen gumuň birnäçe gatlary bilen dykyzlandyryldy. Ýodajygyň üstünden ýokary tehnologiýaly we amatly geotekstil düşeldi we kwars çägesi bilen örtüldi. Ahal welaýatyndan getirilen materiallar toýnaklaryň urgusyny ýumşatmaga ýardam edip we haýwanyň bedenine düşýän agramy azaldyp, ýeriň gowy amortizirlenmegini üpjün eder. Bu örtük uzak wagtlap hyzmat edip bilýär we ýokarky dartylmanyň uly güýjüne eýedir.

Toplumyň çäkleriniň dürli güller, agaç nahallary we gyrymsy agaçlar bilen abadanlaşdyrylandygy bellenmäge mynasypdyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026