«Türkmenawtoulaglary» azerbaýjanly we gyrgyzystanly kärdeşleri bilen ýük dolanyşygynyň artyşyny ara alyp maslahatlaşdy
Aprel 28, 2023 | 15:32 |6501


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri awtoulag boýunça Bilelikdäki komissiýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde özleriniň azerbaýjanly kärdeşleri bilen ýük daşamalaryň artmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatlaşma onlaýn görnüşinde geçdi. Onda şeýle hem iki edaranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meselelere hem deglip geçildi - diýip, agentligiň metbugat gullugy habar berýär.
Soňra Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri bilen gepleşikler boldy, onuň barşynda taraplar awtoulagly daşamalaryň häzirki ýagdaýyny we awtoulag arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak bilen özara gatnaşygy giňeltmegi öwrendiler.
ORIENT habarlar








