Dragon Oil: Türkmenistanyň tebigy energiýa baýlyklarynyň global üpjünçiliginiň howpsuzlyk binagärligine goşandy bahasyzdyr


“Dragon Oil” Halkara nebit we gaz gözleg, özleşdiriş we önümçilik kompaniýasynyň baş direktory, Türkmenistanyň Energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma (BAE, Dubaý) gatnaşyjy Ali Raşid Al Jarwan ORIENT bilen söhbetdeşlikde maslahatyň özünde galdyran täsirleri bilen paýlaşdy:

― Dubaýdaky Maýa goýum forumy global maglumat platformasyna öwrüldi, bu ýerde "esasy çeşmelerden" energiýa pudagynyň täzelenmegi, nebit, gaz we nebithimiýa gatlagy bilen işlemek ýörelgeleri, "ýaşyl" energetika, nebit-gaz pudagynda işiň innowasiýa usullary we başga ş.m. gyzyklanma bildirilýän soraglaryň hemmesine jogap tapyldy.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Türkmenistan gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar we bu pudakda energiýa önümçiligini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu bolsa öz gezeginde ýurda tebigy energiýa baýlyklarynyň global üpjünçiliginiň howpsuzlyk arhitekturasyna goşandyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem, forum Türkmenistanyň täze goýumlara we potensial maýadarlara açykdygyny görkezdi.

"Ýaşyl" energiýa çeşmeleri mowzugy konferensiýada aýratyn üns merkezinde boldy. 2050-nji ýyla çenli zyňyndylaryň derejesini nola düşürmegiň ähmiýeti barada köp aýdyldy, ýöne oňa ýetmek aňsat däl. Munuň sebäbini mysallar arkaly düşündireýin: dünýäniň ilat sany artýar, bu bolsa global energiýa sarp edilişiniň hem artjakdygyny aňladýar. Biz häzir Ýeriň 8 milliard ilaty barada aýdýarys, 2050-nji ýyla çenli bolsa adam sany, takmynan 9,5 milliard töweregi bolar. Adamlaryň abadançylygynyň ösmegi, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy hem energiýa sarp edilişiniň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.

Bu bolsa gazylyp alynýan ýangyçlaryň ulanylmagynyň dowam etjekdigini, arassa ýangyç hasaplanýan tebigy gazyň bolsa 2050-nji ýyla çenli geçiş elementine öwrüljekdigini aňladýar. Ýene bir möhüm esas – global derejede zyňyndylary, parnik gazlaryny azaltmak boýunça taýynlyk barada aýdylanda, energiýa durnuklylygydyr. Şonuň üçin bu geçiş 2050-nji ýyla meýilleşdirilýär.
ORIENT news








