Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Karbamid önümçiligi tebigy gazy monetizasiýa etmegiň iň netijeli ugurlarynyň biridir

Aprel 27, 2023 | 20:13 |11612
Uly möçberdäki karbamid önümçiligi Türkmenistana tebigy gazyň monetizasiýasyndan (bir zady pula öwürmek) has köp ykdysady peýdany almaga mümkinçilik berer - diýip, “Stamicarbon” kompaniýasynyň dolandyryjysy Sergeý Abramow aýdýar.Uly möçberdäki karbamid önümçiligi Türkmenistana tebigy gazyň monetizasiýasyndan (bir zady pula öwürmek) has köp ykdysady peýdany almaga mümkinçilik berer - diýip, “Stamicarbon” kompaniýasynyň dolandyryjysy Sergeý Abramow aýdýar.
Çeşme: orient.tm

Uly möçberdäki karbamid önümçiligi Türkmenistana tebigy gazyň monetizasiýasyndan (bir zady pula öwürmek) has köp ykdysady peýdany almaga mümkinçilik berer - diýip, “Stamicarbon” kompaniýasynyň dolandyryjysy Sergeý Abramow aýdýar.

Ol Dubaýda geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz maýa goýum forumynda maýa çykdajylary, atmosfera zyňyndylary azaldylan we howpsuzlygy, energiýa netijeliligi ýokarlandyrylan karbamid önümçiliginiň täze tehnologiýalaryny hödürledi.

1.JPEG

Şereketiň iş tejribesinde kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 6 müň tonna deň bolan mega-zawodlar üçin çözgütler bar. Häzirki wagtda bu karbamid önümçiligi üçin iň ýokary kuwwatlylykdyr. Abramowyň pikiriçe, hut şeýle uly göwrümli taslamalar Türkmenistan üçin uglewodorod monetizasiýasynyň geljegi uly ugurlaryndan biridir.

Abramow “Stamicarbon” kompaniýasynyň dünýäniň köp ýurtlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän we işleýän innowasiýalarynyň ekologik jähtlerine aýratyn ünsi çekdi.

2.JPEG

― Azot dökünlerini öndürmek üçin esasy çig mal bolan tebigy gazy monetizasiýa etmegiň iň netijeli usullaryndan biri karbamid önümçiligidir. Ýöne, mundan başga-da, karbomid, dökün hökmünde, dünýäniň barha artýan ilatyny azyk bilen üpjün etmek ýaly asylly meselede hem wajyp orun eýeleýär. Bu ýagdaýda karbamid iň möhüm wezipeleriň birini ýerine ýetirýär, sebäbi topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär, diýmek, zemin üçin üçin has köp iýmit öndürmekde uly ähmiýete eýe, - diýip, Sergeý Abramow sözüni jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026