Stambuldaky Simpoziuma gatnaşyjylar türki dilli ýurtlary media-hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdylar


Türkiýäniň prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýa müdirliginiň neşirýat we teleradioýaýlymlar bölüminiň baştutany, TRT telekanalynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Oguz Göksu Stambulda türki dilli dünýäniň synçylarynyň Simpoziumynda çykyş etmek bilen, türki dilli ýurtlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we kommunikasiýa babatynda hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmany ösdürmäge çagyrdy.
«Biz XXI asyrda ýumşak güýjüň iň güýçli elementleriniň biri bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we kommunikasiýa ugrunda öňkülere garanda has üstünlikli bolmalydyrys» - diýip, ol nygtady.
Adamlar mediakontenti sarp etmeklikden onuň önümçiligine geçdiler. Bu täze emele gelen media tertibinde ýalan we anyk bolmadyk täzelikler, aýratyn hem sosial torlarda, örän tiz ýaýraýar. Bu alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ýoýlup kabul edilmegine, kiber çozuşlaryň peýda bolmagyna getirip biler, bu bolsa aýry-aýry adamlaryň, şeýle hem edaralaryň howpsuzlygyna täsir edýär.
Hakykat üçin we «zorlugyň diline» ýol bermezlik üçin göreşde Göksu türki dilli halklary strategiki kommunikasiýa babatynda bilelikdäki barlaglary geçirmeklige, netijeli öňüni alyş we gorag mehanizmlerini işläp düzmeklige çagyrdy.
«Biz jemgyýetçilige biziň döwletimiz tarpyndan syýasy, sosial, medeni, ykdysady we tehnologik ugurlarda kabul edilen ädimleri ýadawsyz ýetireris» – diýip, Göksu beýan etdi, kibergiňişlikde howpsuzlyk meselelerini çözmegiň olary edil hakyky dünýäde çözüşimiz ýaly wajypdygyny belledi.
Türki dilli dünýäniň synçylarynyň simpoziumy 27-nji aprelde Stambulda açyldy. Türkmenistana bu çärede «Media-Türkmen» maglumatlar agentliginiň ORIENT saýtyndan we ýurduň beýleki torlaýyn neşirlerinden wekiller bar.
ORIENT habarlar








