«Türkmengeologiýa»: Hazar deňziniň türkmen bölegi— maýa goýumlaryny çekmek üçin geljegi uly ugurdyr


Türkmenistana uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan günorta we merkezi Hazaryň bir bölegi degişlidir. Hazar deňziniň türkmen bölegi 32 sany ygtyýarlandyrylan bloklara bölünýär. Daşary ýurt bilermenleriniň we ýerli geologlaryň baha bermeklerine görä, uglewodorodlaryň jemi serişdeleri nebit ekwiwalentinde 18,2 milliard tonna deňdir – diýip, Serdar Nurýagdyýew - «Türkmengeologiýa» DK-niň baş geofizigi Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Dubaýda (BAE) geçirilýän Halkara forumynda çykyş etmek bilen, gürrüň berdi.
Geçen ýüzýyllygyň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda türkmen hünärmenleri «WesternАтлас» kompaniýasy bilen bilelikde 2D göwrümli 2D seýsmo-gözleg işlerini 16 müň uzynlyk metrinden gowrak meýdanda geçirdiler, bu bolsa 7 km çenli çuňlukda geologiki gurluşy öwrenmäge we onuň uglewodorod mümkinçiliklerini bahalandyrmaga ýardam etdi. Taslama üç tapgyrda ýerine ýetirildi: birinjisi – çuňňur suwly maglumatlar, olaryň barşynda umumy uzynlygy 7571,925 uzynlyk metrine deň bolan 54 profil işlenildi; ikinji – ýalpak suwly maglumatlar we tranzit zolagyndaky we gury ýerdäki işleriň maglumatlary, umumy uzynlygy 3509,275 uzynlyk metrine deň bolan 56 profil işlendi; üçünjisi – çuňňur suwly (Phase 1 infill), 1-nji tapgyryň çäklerinde işleri barlamaga çenli maglumatlar, umumy uzynlygy 5288,288 uzynlyk metrine deň bolan 45 profil işlendi.

Türkmen geology geljegi uly bolan ygtyýarlandyrylan bloklaryň beýanynda jikme-jik durup geçdi, blok 16 - meýdany 1810,10 km2 we blok 24 - meýdany 2565,96 km2 Günorta-Hazar basseýniniň türkmen böleginiň günbatar böleginde ýerleşýär. Hajaryň we Türkmenbaşynyň gelejegi bolan geologiki gurluşlary hut şu bloklaryň çäklerinde yzarlanýar, muňa Uly Hazaryň orta pliosendäki paleekologiýasy we litofasiýasy, şeýle hem köp sanly litologiki çeşmeler şaýatlyk edýär diýip türkmen alymy belledi.

Günorta-Hazar basseýniniň belli neotektoniki gurluşlary Hajar we Türkmenbaşy geljegi bolan gurluşlary emele getirdi, bu sebitdäki gasynlylyk we tektoniki hereketler duzagy we ekrany döretmäge gerekli bolan gurluşy döretdiler. Erkin howadaky anomaliýalar we Buge reduksiýasyndaky agyrlyk güýji 16 we 24 bloklarda gurluşlaryň ýokary geljegini görkezýär. Has jikme-jik maglumaty foruma gatnaşyjylar «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň teklip edýän Hazar deňziniň türkmen bölegi boýunça geologik-geofiziki maglumat bukjasyndan alyp bilerler – diýip, türkmen geology Serdar Nurýagdyýew öz çykyşyny jemledi.
ORIENT habarlar








