HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

Sentýabr 22, 2026 | 22:11 |455
Özbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkezi Ispaniýada geçirilen 10-njy ýubileý halkara Terres Travel Festival 2026 festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldyÖzbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkezi Ispaniýada geçirilen 10-njy ýubileý halkara Terres Travel Festival 2026 festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy
Çeşme: yuz.uz

Özbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkezi Ispaniýada geçirilen 10-njy ýubileý halkara Terres Travel Festival 2026 festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy. «Syýahatçylyk hyzmaty» kategoriýasynda eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp bolan «Bilimiň ýaňy» filmi 40-dan gowrak ýurtdan gelen taslamalardan öňe saýlandy diýip, Yuz.uz habar berýär.

Фильм об Узбекистане завоевал золото в Испании 1

Film Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň awtorlyk megataslamasynyň çäklerinde döredildi. Filmde Özbegistan ylmyň, medeniýetiň we ruhy aň-bilimiň taryhy merkezi hökmünde görkezilýär. Filmiň esasy narratory hökmünde dünýäniň tomaşaçylaryna «Lukman» filmindäki Ibn Sina keşbi bilen tanalýan, «Oskar» baýragynyň eýesi, meşhur britaniýaly aktýor Ben Kingsli çykyş etdi. «Bilimiň ýaňy» filminde ol Gündogaryň beýik alymlary we yslam siwilizasiýasynyň dünýä mirasyna goşan ägirt uly goşandy barada gürrüň berýär.

Tortosada geçirilen Terres festiwalyndaky ýeňiş taslamanyň ýeke-täk üstünligi däldir. 2026-njy ýylda film Nýu-Ýorkda we Kannylarda geçirilen abraýly baýraklaryň ýeňijileriniň hataryna hem girdi we Belgradda geçirilen SILKFEST festiwalynda baýrak aldy.

Фильм об Узбекистане завоевал золото в Испании 2

Ispaniýadaky baýrak Yslam siwilizasiýasy merkeziniň halkara derejesinde gazanan ykrar etmeleriniň sanawyny has-da artdyrdy. Ondan öň merkez Yslam siwilizasiýasynyň iň uly muzeýi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäsiniň iň gowy muzeýi» diýlip ykrar edildi we Singapurda geçirilen Bütindünýä halal syýahatçylyk sammitinde «Ýylyň yslam mirasynyň desgasy» diýen ada mynasyp boldy.

Ýeňiji filmiň döredilmeginiň üstünde baş prodýuser Firdaus Abduhalikowyň we režissýor Şohruh Rasulowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary işledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026