Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär


Google kompaniýasy göçme kompýuterler bazaryna gaýdyp gelýändigini resmi taýdan yglan etdi we Googlebook ady bilen täze enjamlar maşgalasyna deslapky sargytlary kabul edip başlady. Bahasy 900 dollardan başlanýan ilkinji modeller dünýäniň iri öndürijileri Acer, ASUS, Dell, HP we Lenovo tarapyndan eýýäm işlenip düzüldi. ABŞ-da satuwlar 4-nji oktýabrda başlanar, 5-nji oktýabrdan bolsa täze önümler Kanada, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Awstraliýada satuwa çykarylar.
Googlebook-yň esasy aýratynlygy täze Aluminium OS operasion ulgamy bolup, ol Android esasynda döredilen doly derejeli iş stoly platformasydyr. ChromeOS-dan tapawutlylykda, bu ýerde mobil programmalar emulýasiýasyz göni işledilýär. Ulgam smartfonlar bilen ýokary derejede birleşdirilendir: Continue On funksiýasy telefonda işiňizi nirede goýan bolsaňyz, şol ýerden dessine dowam etdirmäge mümkinçilik berýär, bitewi faýl dolandyryjysy bolsa iki enjamyň hem ýadyna bir wagtda girmäge mümkinçilik berýär.
Noutbuklar eýýäm başlangyç toplumynda kuwwatly tehniki üpjünçilik bilen enjamlaşdyryldy. Modeller Intel Core Ultra Series 3 ýa-da Qualcomm Snapdragon X Elite prosessorlary, azyndan 16 GB operatiw ýat we emeli aň meseleleri üçin ýörite NPU neýromoduly bilen üpjün edilýär. Yglan edilen batareýa dowamlylygy internetde 16 sagada çenli işlemegi üpjün edýär, howpsuz izolirlenen Linux gurşawy bolsa programmistler üçin amatly bolar.
Interfeýse Gemini emeli aň kömekçisi çuňňur ornaşdyryldy, akylly ses arkaly maglumat girizmek ulgamy Rambler bolsa aýdylan teksti awtomatiki usulda gurluşlandyrmagy başarýar. Satyn alyjylar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri rekord derejedäki tehniki goldaw möhleti bolar — Google ulgam täzelenmeleriniň we howpsuzlyk patchlarynyň 10 ýylyň dowamynda çykarylmagyny kepillendirýär. Bonus toplumyna şeýle hem Google AI Pro hyzmatynyň bir ýyllyk abunalygy, bulutda 5 TB maglumat saklaýyş mümkinçiligi, şeýle-de Nvidia GeForce Now, YouTube Premium we Adobe Photoshop hyzmatlary girer.
ORIENT







