HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Sentýabr 22, 2026 | 22:28 |4725
Hindistanyň ýarymgeçirijiler pudagynda işleýän Aheesa Digital Innovations startapy ýurduň özünde öndürilen Vihaan-I prosessoryny tanyşdyrdyHindistanyň ýarymgeçirijiler pudagynda işleýän Aheesa Digital Innovations startapy ýurduň özünde öndürilen Vihaan-I prosessoryny tanyşdyrdy
Çeşme: cnews.ru

Hindistanyň ýarymgeçirijiler pudagynda işleýän Aheesa Digital Innovations startapy ýurduň özünde öndürilen Vihaan-I prosessoryny tanyşdyrdy. Işläp taýýarlama açyk RISC-V arhitekturasynyň esasynda giň zolakly tor enjamlary üçin döredildi. Bu bolsa ýurda daşary ýurt tehnologiýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň inženerleri prosessoryň işleýän nusgasyny eýýäm döretdiler we üstünlikli synagdan geçirdiler. Taslamanyň esasy maksady doly taýýar çipdäki ulgam (SoC) görnüşini köpçülikleýin önümçilige goýbermek we 2027-nji ýyla çenli ony täjirçilik bazaryna çykarmakdan ybarat.

RISC-V arhitekturasyna geçmek Hindistan üçin strategik ädim boldy. Açyk standart üçünji tarap korporasiýalaryna ygtyýarnama tölegleriniň tölenmegini talap etmeýär, şeýle hem çipleri anyk wezipelere laýyklykda taslamakda ýokary çeýeligi üpjün edýär. Vihaan-I üçin bolsa telekommunikasiýa enjamlaryna we tor infrastrukturasyna gönükdirilen ugur saýlandy.

Häzirki tapgyrda işläp düzüjiler ulgamy kämilleşdirmek işlerini dowam etdirýärler. Aheesa Digital Innovations kompaniýasy üçin esasy synag 2027-nji ýylda bolar. Şonda işleýän nusgany täjirçilik taýdan satuwa çykarmaga taýýar önüme öwürmek göz öňünde tutulýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026