HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: ýangyjyň dürli görnüşleri, dokma we oba hojalyk önümleri eksport edildi

Aprel 26, 2023 | 10:05 |5617
Sişenbe güni, 25-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $23,6 mln amerikan dollaryna we 962,5 müň türkmen manadyna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 25-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $23,6 mln amerikan dollaryna we 962,5 müň türkmen manadyna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Sişenbe güni, 25-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $23,6 mln amerikan dollaryna we 962,5 müň türkmen manadyna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjynyň 3 müň tonnasyny satyn aldylar. Önümiň her tonnasyna $678,75 amerikan dollary baha berildi. Geleşikleriň jemi bahasy $2 mln-dan geçdi.

BAE-den we Owganystandan gelen işewürler ECO-93 kysymly awtoulag benzininiň 30 müň tonnasyny $20,9 mln amerikan dollaryna satyn aldylar. Önümiň her tonnasyna $699 amerikan dollary baha berildi.

Türkiýeden gelen telekeçiler nah ýüplüginiň dürli görnüşleriniň 367,5 müň kg-ny $670,5 müň amerikan dollaryna satyn aldylar.

Içerki bazarda bugdaý kesindileriniň 350 müň tonnasy 962,5 müň manada satyldy — her tonna 2,7 müň manatdan gowrak baha berildi.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026