Türkmenistan we BAE dünýä energetika arhitekturasyny döretmäge gatnaşýarlar


Beýik ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen we dünýäde nebitiň we gazyň uly gorlarynyň eýesi bolmak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary we Türkmenistan dünýä energetika arhitekturasynyň döredilmeginde has uly ähmiýete eýe bolýarlar. Bu bütindünýä energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn orun eýelemek bilen, ýokary maýa goýum özüne çekijiligini kesgitleýär hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň bu sebite gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar – diýip, Serdarmämmet Garajaýew - Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi çarşenbe güni Dubaýdaky Halkara maýa goýum forumynyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen aýtdy.
Türkmenistan bilen BAE tarapyndan ýangyç-energtika toplumynda ýerine ýetirilýän bilelikdäki taslamalar dünýä energetika ulgamyny döretmekde daýanç bolup durýar. Gürrüň BAE-niň maliýe we işewür toparlarynyň soňky ýyllarda Türkmenistanda birnäçe taslamalaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşmagy, şol sanda Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň goldamagynda gatnaşmagy hakynda barýar.
Üstünlikli işewür hyzmatdaşlyga mysal edip Birleşen Arap Emirlikleriniň Dragon Oil kompaniýasynyň türkmen bazarynda uzak möhletleýin bolmagyny getirmek bolar, ol ýurtda iri taslamalaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşýar, şeýle hem Türkmenistanyň energetika we gaz-himiýa senagatynda işleýän BAE-niň işewürler toparlarynyň beýleki wekillerini getirip bolar.
Sebit üçin ajaýyp we möhümleriň biri Masdaryň we Türkmenenergonyň Owganystanyň araçäginde bilelikde ýerine ýetirýän taslamasy boldy. Türkmenistan üçin bu elektrik energiýasynyň eksportynyň ugruny diwersifikasiýa etmekde we owgan tarapynda «ýaşyl» energiýanyň geçelgesini döretmekde uly ädimdir. Owgan tarapy energiýa serişdelerini sarp etmegiň iri bazary bolup durýar – diýip, türkmen ilçisi belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine goşmaça itergi berdi. «Biz hakykatdan-da uly gerimli taslamalaryň, ýurtlaryň ösdürilmegine gönükdirilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýji bolup biljek we maýa goýumlaryny çekmek üçin täze mümkinçilikleri açyp biljek, garyşyk önümçiligi göredip, häzirki zaman infrastruktura gurluşyny döredip biljek bilelikdäki taslamalaryň gerek pursadyna geldik. Bularyň ählisi uzak möhletleýin, startegiki we toplumlaýyn türkmen-arap özara gatnaşygyna täze itergi berer. Munuň üçin biz amatly hukuk we maýa goýum şertlerini döretmäge taýýar, maýa goýumçylara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikleri döretmäge taýýar» - diýip, diplomat Türkmenistanyň baştutanynyň sözlerini getirdi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabi ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylary, Masdar, ADNOC we Abu Dabi Port kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler we hyzmatdaşlygyň has möhüm ugurlary – maýa goýum babatynda, ýangyç-energetika pudagynda özara gatnaşygy ösdürmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden rejeli peýdalanmak, şeýle hem port infrastrukturasyny ösdürmek boýunça taslamalary işjeňleşdirmek ýaly esasy temalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Ylalaşyklar energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça «Türkmengaz»
döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arsynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň birinji bankynyň (First Abu Dhabi Bank) arasynda korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri we tertibi baradaky Ylalaşyk bilen berkidildi. Şeýle hem taraplar bilelikdäki beýannama gol çekdiler, onda Türkmenistanyň we BAE-niň pudaklaryň birnäçesinde, şol sanda energetika ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meýilleri berkidilendir – diýip, Serdarmämmet Garajaýew aýtdy.
ORIENT habarlar








