Türkmenistan bilen CNPC-niň hyzmatdaşlygynyň esasynda ekologik taýdan arassa önümçilik we «ýaşyl» tehnologiýalar


Häzir dünýä energetika pudagy çuňňur üýtgetmeleri başdan geçirýär. Energetikanyň gurluşynyň «ýaşyla» we pes uglerodla özgerdilmegi ýurtlar we dünýä nebit-gaz kompaniýalary üçin bütindünýä konsensusy, peýdaly missiýa we umumy wezipe boldy. Şunuň ýaly sözler bilen Dubaýda geçýän maýa goýum forumynyň wekiliýetlerine Wan Guýhaý – PetroChina Middle East Corporation kompaniýasynyň baş menejeri ýüzlendi.
HHR-nyň hökümeti Hytaýyň 2030-njy ýyla çenli uglerodyň zyňylmalarynyň ýokary derejesine we 2060-njy ýyla çenli bolsa uglerod bitaraplygyna ýetmäge ymtyljakdygyny dünýä wada berdi. Şu jähtden, CNPC kömürturşy gazynyň zyňylmagyny bitaraplaşdyrmagy maksat edinýär we, şunuň bilen baglylykda, kompaniýanyň ösüş strategiýasyna ekologik taýdan arassa önümçiligi we «ýaşyl» pes uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmagy tizleşdirdi.
Energiýanyň gazylyp alynýan çeşmesi bolmak bilen, tebigy gaz energiýanyň öwrülmek prosessinde wajyp orun eýeleýär we onuň giň geljegi bar. Türkmenistan – tebigy gazyň baý gory bolan ýurt we Hytaýyň uzak möhletleýin hyzmatdaşydyr. Gürrüň «Türkmengaz» DK bilen CNPC halkara energetika kompaniýasynyň hyzmatdaşlygy hakynda, şol sanda resmi taýdan berkidilen – «Tebigy gazy satyn almak-satmak» şertnamasy we Amyderýanyň sag kenarynda «Önümi paýlaşmak hakynda Şertnama» bilen berkidilen hyzmatdaşlyk hakynda barýar.
Hyzmatdaşlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Hytaýa iberilen tebigy gazyň umumy möçberi 360 mlrd kub metrden geçdi, tebigy gaz bilen söwdanyň möçberi bolsa ABŞ-nyň onlarça milliard dollaryna ýetdi. Şunda CNPC korporasiýasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň çäklerinde ýurda ABŞ-nyň 9,4 mlrd dollaryndan gowrak maýa goýdy. Kompaniýa her ýylda harytlyk gazyň 13 mlrd kub metrinden gowragyny eksport edýär, 1,2 mlrd ABŞ-nyň dollary möçberinde salgyt töleýär, durmuşy taslamalara 26 mln ABŞ-nyň dollaryndan gowrak maýa goýdy, şeýle hem on müňlerde iş orunlaryny döretdi. Türkmenistanda hyzmatdaşyň şeýle çemeleşmesine «daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň nusgasy» diýilýär, uzak möhletleýine geçen özara gatnaşyklary bolsa taraplar iri üpjün ediji we iri sarp ediji ýaly şekilde gurýarlar.
Häzir CNPC we Türkmenistan diňe bir energetika pudagynda däl, eýsem innowasion tehnologiýalar we nebit-gaz pudagynda hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlyk edýärler. Bu bolsa ajaýyp platforma bolup, onuň esasynda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni aragatnaşyklar ösdürilýär we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar – diýip, hytaý işewüri öz çykyşynda belledi.
ORIENT habarlar








