Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Ýewropanyň immunizasiýa hepdeliginiň çäklerinde çäreler geçirilýär

Aprel 24, 2023 | 18:57 |5638
Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligine — keselleriň öňüni almak boýunça immunizasiýanyň möhümdigi barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, apreliň soňky hepdesinde geçirilýän her ýylky çärä badalga berildi.Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligine — keselleriň öňüni almak boýunça immunizasiýanyň möhümdigi barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, apreliň soňky hepdesinde geçirilýän her ýylky çärä badalga berildi.
Çeşme: abakan-news.ru

Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligine — keselleriň öňüni almak boýunça immunizasiýanyň möhümdigi barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, apreliň soňky hepdesinde geçirilýän her ýylky çärä badalga berildi.

2023-nji ýylyň Ýewropa immunizasiýasy hepdeliginiň temasy — «Sanjymlar işleýär» we «Sanjym almak – bu diňe bir hukuk däldir, eýsem kollektiwleýin howpsuzlykdyr!». Bu ýyl aýratyndyr, sebäbi BSGG-sy «Saglyk hemmeler üçin» şygary astynda özüniň 75 ýyllygyny belleýär.

Türkmenistan hem bütindünýä kompaniýasyna goşulýar. Şeýlelikde, hepdäniň dowamynda BSGG-nyň Türkmenistandaky ýurt edarsy BMG-niň Agentlikleri we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde öz wagtynda meýilnamalaýyn sanjymlaryň möhümdigini nygtap, dürli çäreleri geçirerler.

«Türkmenistan sanjymlary etmekde ep-esli ösüş gazandy – BSGG-nyň maslahat berişi ýaly, sanjym 95%-den gowrak, bu bolsa immunizasiýanyň görkezijilerini ýokarlandyrmak ýolunda möhüm şaha bolup durýar.

Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň agentlikleri we ÝB-i bilen bile işlemek arkaly, biz Türkmenistanda ilatyň saglygyny gowulandyrmakda we goramakda uly öňe gidişlik gazandyk, belli bir derejede bu sanjymlaryň netijeliligi sebäpli boldy» - diýip, Hepdelige badalga berilmegi mynasybetli özüniň ýüzlenmesinde BSGG-nyň Türkmenistandaky wekili Ýegor Zaýsew belledi.

Ol 2016-njy ýylda sanjymlaryň senenamasyna adamyň papilloma wirusyna garşy sanjymyň we 2019-njy ýylda pnewmokokk we rotawirus sanjymynyň girizilmegini aýratyn belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýegor Zaýsew netijeli hyzmatdaşlygyň çagalary we ululary ýaşaýyş üçin howply kesellerden goramaga kömek edip biljekdigine ynam bildirdi.

Immunizasiýa jemgyýetçilik saglygy goraýyşyň iň netijeli çäreleriniň biridir.

Ynha eýýäm iki ýüz ýyldan gowrak wagt bäri immunizasiýa — mama keseline garşy iň ilkinji sanjymdan başlap, COVID-19 keseliniň agyr halatlarynyň öňüni almak üçin ulanylýan iň täze мРНК-sanjymlaryna çenli adamzada dünýäni has howpsuz etmäge kömek edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026