“Raşid” marsohody bilen Aýyň ýüzi boýunça syýahat ediň


Emirlikleriň “Raşid” marsohodynyň aýa gonmagyndan birnäçe gün öň, Muhammet bin Raşid Kosmos merkezi (MBRSC) hakykatyň interaktiw (AR) ykjam wersiýasyny çykardy, ol islendik adama Aýyň üstünde syýahat etmäge mümkinçilik berýär.
MBRSC-däkileriň pikiriçe, interaktiw hakykat tejribesi ““Raşid” marsohodynyň ultratakyk sanly ekizini Aýyň daşynda 1:1 ölçegde dolandyrmaga mümkinçilik berer”.
MBRSC-iň baş direktory Salem Humaýd Al Marri: “Biziň maksadymyz –bilesigelijiligi oýarmak we ähli ýaşdaky adamlary “Raşid” marsohody bilen bilelikde aýyň ýüzüni öwrenmäge çekmek” - diýdi.
Bu üýtgeşik tejribe iňlis we arap dillerinde bolmak bilen, ol smartfony we internet brauzeri bolan islendik kişi üçin elýeterdir – diýip, “Khaleej Times” gazeti habar berýär. Siz Atlantic Productions kompaniýasynyň düzümine girýän Alchemy immersiw kompaniýasynyň döreden “Raşid Rover: Moon Mission” atly hakykat tejribesini synap bilersiňiz. AR-ny açmak üçin:
https://rover.atlanticproductions.tv/ basyň;
Smartfonyň kamerasy arkaly “dowam et” QR koduny skanirläň;
Interaktiw hakykata enjamyň hereket we ugrukdyryjy datçiklerine rugsat beriň;
Smartfonyň kamerasyna girmäge rugsat beriň;
Dil görnüşinde iňlis ýa-da arap dilini saýlaň;
Kamerany gönükdirmek üçin sesi açyň we poluň giň meýdanyny saýlaň; ululygyny sazlaň;
Raşid Rover bilen tanyşyň we Aýy öwreniň.
Marsohodyň we Aýyň üstüniň jikme-jik 3D modelleri internet brauzeri arkaly ulanyjy üçin amatly interaktiw hakykaty döretmek üçin optimallaşdyryldy. Elýeterlilik bilim mazmunynyň esasy elementi bolany üçin, bu krosstplatforma tejribesi hiç hili goşundysyz hemmeler üçin elýeterlidir.
MBRSC ozal “Raşid” marsohodynyň 25-nji aprel, sişenbe güni BAE wagty bilen 20:40-da Aýa gonjakdygyny mälim edipdi. Gonuşyň amala aşyrylmagy mümkin bolan alternatiw seneleri: 26-njy aprel, 1-nji maý we 3-nji maý.
Häzirkizaman Dubaýyň esaslandyryjysy merhum Şeýh Raşid bin Said Al Maktumyň hormatyna atlandyrylan Raşid Rower Aýyň töweregini bir Aý gününiň dowamynda öwrener, ol Ýerde 14,75 güne deňdir.
ORIENT news








