HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan 2024-nji ýylda SPECA-da öz başlyklyk konsepsiýasyny taýýarlar

Aprel 23, 2023 | 23:21 |10995
Şenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow 2024-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA-da başlyklyk etmegi we degişli konsepsiýany taýýarlamak boýunça iş alyp barmagy teklip etdi.Şenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow 2024-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA-da başlyklyk etmegi we degişli konsepsiýany taýýarlamak boýunça iş alyp barmagy teklip etdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Şenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow 2024-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA-da başlyklyk etmegi we degişli konsepsiýany taýýarlamak boýunça iş alyp barmagy teklip etdi.

Bu teklip, BMG-nyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasy - SPECA ýaly abraýly sebit platformasynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmäge gönükdirilendir.

Şu hepdäniň başynda, 17-nji aprelde, Türkmenistanyň wekiliýeti Žewada Maksatnamanyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň ministrler duşuşygynyň işine gatnaşdy.

Onda 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň SPECA başlyklyk eden döwründe ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal Türkmenistan 2019-njy ýylda SPECA-a başlyklyk edipdi. Şonda Aşgabatda ýokary derejeli halkara çäreleri - SPECA günleri geçirildi.

Şeýle hem, Meredow, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda ykdysadyýetiň sanly we «ýaşyl» öwrülişigi barada maý aýynda «tegelek stol» guramagy teklip etdi. Beýleki birnäçe teklip metbugat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň akademiýasy, şeýle hem BSG bilen belli bir ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşyklydy.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu teklipleri tassyklap, Türkmenistanyň ähli gyzyklanýan daşary ýurt we halkara hyzmatdaşlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy we ýolbaşçylara bu ugurda yzygiderli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026