GDA tebigy gazy motor ýangyjy hökmünde öňe sürýär


Moskwada Arkalaşygyň Senagat syýasaty geňeşiniň garamagynda GDA agza ýurtlaryň ulag serişdeleri üçin tebigy gazyň motor ýangyjy hökmünde ulanylmagyny ösdürmek we höweslendirmek boýunça bilermenler toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.
Duşuşyk III Bütinrussiýa gazmotor forumynyň çäginde guraldy we gysylan tebigy gazy täze bazar şertlerinde motor ýangyjy hökmünde öňe sürmek meselelerine bagyşlandy.
Şeýle hem hünärmenler “Demirgazyk-Günorta” multimodal halkara ulag geçelgesini (ITC) ulanmagyň ykdysady, ekologiki we sosial jähtlerini, bar bolan infrastruktura päsgelçilikleri we bu ugry mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen olary ýeňip geçmek baradaky teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Gazmotor forumynyň çäginde gaz ýangyjynda işleýän tehnologiýalaryň we ulaglaryň sergisi guraldy.
Tebigy gaz (metan) iň tygşytly we ekologiýa taýdan arassa motor ýangyjydyr.
ORIENT news








