Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 1-nji "Merkezi Aziýa-Hytaý" duşuşygy geçirildi


Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “Merkezi Aziýa-Hytaý’ formatynda ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň ýolbaşçysynyň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.
Kärdeşler gümrük resminamalaryny ýönekeýleşdirmek, “Ýeke penjire” taslamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk, “Akylly gümrükhanany” ösdürmek boýunça tejribe alyşmak, ygtyýarlandyrylan ykdysady operatoryň (YYO) statusyny özara ykrar etmek, şeýle hem gümrük hukuk bozulmalaryna garşy göreş we maglumat alyş-çalşygy ýaly mowzuklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar "Merkezi Aziýa-Hytaý" gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklary hakynda düzgünnamany tassykladylar – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.
Gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň mehanizmi alty ýurduň arasyndaky söwdanyň howpsuzlygyna we ýönekeýleşdirilmegine, şeýle hem döwlet baştutanlarynyň duşuşyklarynyň çäklerinde gazanylan degişli ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine işjeň itergi bermegi maksat edinýär.
ORIENT news








