TDHÇB-daky söwdalaşyklar: benzin we dokma önümleriniň dürli görnüşleri ýokary islege eýe boldular


Penşenbe güni, 20-nji aprelde Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,3 mln amerikan dollaryna we 12,1 mln türkmen manadyna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
BAE-den gelen işewür AI-98 kysymly K5 klasly etilirlenmedik awtoulag benziniň 880 tonnasyny önümiň her tonnasyna $812,75 amerikan dollaryny hödürläp, satyn aldy. Geleşigiň jemi bahasy $655,7 müň amerikan dollaryndan geçdi.
Şeýle hem BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri söwdalaşyklaryň barşynda nah ýüplüginiň dürli görnüşleriniň 322,5 müň kg $655,7 müň amerikan dollaryna satyn aldylar.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler ýüpek gurçugynyň pilesinden ýüpek öndürmäge degişli dürli önümleriň 100 tonna golýyny 12,1 mln TMT satyn aldylar.
Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.
ORIENT habarlar








