Britan kompaniýasy: «Türkmennebit» DK-ne maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmekde maslahat berýär


Gaffney, Cline & Associates atly energetika pudagynda maslahatlary bermäge ýöriteleşen Britan kompaniýasy «Türkmennebit» DK-ni bilen ýurduň nebit senagatyna maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada kompaniýanyň taslamalary dolandyrmak boýunça direktory Drýu Pauella salgylanyp, Trend habar berýär.
Bilermen 2023-nji ýylyň 26-27-ni apreline meýilleşdirilen Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Dubaýdaky (BAE) Halkara forumy Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ugurlaryna göni daşary ýurt maýalaryny çekmek mümkinçiliklerini giňelder diýip belledi. Çäre şeýle hem gyzyklanýan taraplara türkmen wekilleri bilen mümkin bolan işläp düzmeleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.
Dubaýdaky forumyň gün tertibine şeýle hem tebigy serişdelerinden netijeli peýdalanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz bloklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara daşary ýurt maýasyny çekmek, Galkynyş atly äpet gaz ýatagynyň mundan beýläk senagat taýdan işlenmegi meseleleri hem goşular.
ORIENT habarlar








