HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Penşenbe güni Türkmenistanyň we Ysraýylyň daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Eli Koen Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasyny açdylar.

Aprel 20, 2023 | 18:53 |14365
Dabara daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdy.Dabara daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdy.
Çeşme: orient.tm

Dabara daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň we Ysraýylyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary nyşan bolan bagy kesip, ýygnananlaryň öňünde çykyş etdiler.

2-3.jpg

– Hemişelik ofisimiziň açylmagy bilen ýakyn gatnaşyklarymyzyň täze döwrüni maksat edinýäris, - diýip Eli Koen aýtdy. – Meniň Türkmenistana saparym, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we oba hojalygy, suw dolandyryşy, ykdysadyýet, energetika, serhet goragy, sebit howpsuzlygy, kiber tehnologiýalary, bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ministr, ýubileýi geljek hepde bellenilje, garaşsyzlygynyň 75 ýyllynda Ysraýylyň çeşmeleri çäkli bolan kiçijik ýurtdan häzirki ýagdaýdaky döwlete çenli uzak ýol geçendigini aýtdy.

3.jpg

– «Dialog parahatçylygyň kepili» – Türkmenistanyň daşary syýasatynda esasy ýörelge bolup durýar we şol bir wagtyň özünde Ysraýyl pelsepesiniň gymmatlyklaryndan biridir, - diýip Koen belledi.

Raşid Meredow Ysraýyl döwletiniň Türkmenistanda ilçihanasynyň açylmagyny taryhy waka diýip atlandyrdy we ýygnananlara şu gün Daşary işler ministrliginde ministr Eli Koen bilen geçirilen gepleşikler barada gürrüň berdi.

– Öz gezegimizde, syýasy we diplomatik hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň, ykdysady, medeniýetara, bilim we ylmy gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýratyn belledik. Ýakyn wagtda bu teklipleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary ederis, - diýip Meredow nygtady.

5-1.jpg

Koen, çarşenbe güni 19-njy aprelde Türkmenistana geldi. Şu gün ol Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

7.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026