HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen boksçysy Kazandaky spartakiadada ýeňiş gazandy

Aprel 20, 2023 | 12:05 |8849
Türkmenistanly türgen, Kazan (Priwolžýe) federal uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Reşit Owezow Tatarystanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky spartakiadanyň çäklerinde boks boýunça ýaryşlaryň ýeňijisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň metbugat habarynda aýdylýar.Türkmenistanly türgen, Kazan (Priwolžýe) federal uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Reşit Owezow Tatarystanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky spartakiadanyň çäklerinde boks boýunça ýaryşlaryň ýeňijisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň metbugat habarynda aýdylýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy tarapyndan berildi

Türkmenistanly türgen, Kazan (Priwolžýe) federal uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Reşit Owezow Tatarystanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky spartakiadanyň çäklerinde boks boýunça ýaryşlaryň ýeňijisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň metbugat habarynda aýdylýar.

Ýaryşlaryň dowamynda 80 kg agram derejede çykyş eden boksçy üç sany ýeňişli söweşi geçirdi we ýokary derejedäki sylaga mynasyp boldy. Iki söweşi ol wagtyndan öň tamamlady.

Bu türkmenistanlynyň Tatarystandaky ilkinji ýeňşi däldir. Ozal ol «KAZAN-OPEN-CUP-2» açyk şäher ýaryşynda, tatfaýt bäsleşiginde Dimitrowgrad şäheriniň garyşyk söweş başa-baş söweşde (MMA) we ş.m. birnäçe gezek iň gowularyň hatarynda bolupdy.

Reşit kikboksing boýunça sport ussatlygyna dalaşgärdir. Ol entäk okuwçy wagty sport bilen meşgullanyp başlapdy we Russiýa okuwa gelip, söýgüli sport görnüşi bilen meşgullanmagyny taşlamady.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026