D. Azady adyndaky institut 35 döwletden bir müň bäş ýüz talyp üçin olimpiada gurady


D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty iňlis dili boýunça II Halkara talyplar olimpiadasynyň geçirilýän meýdançasy boldy, ol 35 döwletden bir müň bäş ýüze golaý talybyň gatnaşmagynda onlaýn-formatda geçirildi.
Jemi olimpiada Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Günorta Koreýadan, Gazagystandan we beýleki döwletlerden 181 ýokary okuw mekdebi goşuldy. Türkmenistanyň mertebesini ýurduň 25 ýokary okuw mekdebinden 520 talyp gorady.
Talyplara 90 minudyň dowamynda 10 ýumuşy ýerine ýetirmek tabşyryldy. Şeýlelikde, ýokary okuw mekdebiniň ulgamy olaryň okaýşyny, grammatikasyny we beýleki dil başarnyklaryny synag edip gördi, jemleri olimpiadanyň ähli netijeleri ýaly awtonom düzgünde hasaplandy. Reýtingiň esasynda ýaryşyň ýeňijileri ýüze çykaryldy.
Internet-testiniň netijeleri türkmen talyplarynyň ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler: dürli derejedäki 227 medal, şol sanda 31 altyn medal, 52— kümüş medal we 71— bürünç medal gazanyldy.
Jemi daşary ýurtly talyplar 87 medal gazandylar, olardan 11— ýokary derejelidi.
Olimpiada tamamlanandan soňra D. Azady adyndaky TMDDI-nyň mejlisler zalynda ýeňiji bolan talyplar ýokarda agzalan döwletleriň mugallymlarynyň gutlag sözlerini diňlediler, olar gurnaýjylara minnetdarlyk bildirdiler we taýýarlygyň ýokary derejesini bellediler, şeýle hem mundan beýläkde hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny bildirdiler.
Ýeňijilere degişli diplomlar gowşuryldy.
Giň geografiki gurşawy bilen häsiýetlenen olimpiada (dünýäniň hemme bölegi diýen ýaly wekilçilik etdi) dünýäniň iň giň ýaýran dilleriniň biriniň 314 iň gowy bilgirini ýüze çykarmagy başardy. Ol Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmak ulgamynyň güýçli taraplaryny ýüze çykarmagy başardy we ýurtda iňlis diliniň okadylamgynyň öz ösüşiniň ýokary hil derejesine ýetendigini görkezdi.
Bahargül Aşyrowa
D.Azady adyndaky TMDDI-nyň mugallymy








