Türkmen ýüzüjileri DÇ-2023-iň saýlama ýaryşynyň ikinji gününde bäş medal gazandylar


Bäş medal - iki altyn, iki kümüş we bir bürünç medaly – türkmen türgenleri 8-nji aprelden 22-nji aprel aralygynda Daşkentde geçýän dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň ikinji güni gazandylar.
ORIENT-e Türkmenistanyň Sportyň suw görnüşleri boýunça federasiýasynda habar bermeklerine görä, 200 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde (2 minut 12 sekunt) altyn medaly halkara derejeli sport ussady Merdan Ataýew gazandy.Türkmenistanyň ýygyndysynyň beýleki türgeni Dawid Akopýan 50 metr aralyga brass görnüşde ýüzmekde ony 31.05 sekuntda geçip, altyn medal gazandy.
Anastasiýa Morgenştern batterflýaý görnüşde ýüzüp, 50 metr aralykda 30.72 sekunt netije görkezip, kümüş medala mynasyp boldy.
Düzüminde Musa Jalaýew, Dawid Akopýan, Arslan Gaýypnazarow, Eminguly Ballykow bolan Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 4х100 aralygynda utgaşdyrylan estafetada 4 minut 7 sekunt görkezip, ikinji netijäni gazandylar.
Zenanlaryň arasynda şuňa meňzeş maksatnamada hormatly üçünji ýere Aýnur Primowa, Waleriýa Mirenskaýa we Anastasiýa Morgenştern — 5 minut 9 sekund netije bilen eýe boldular.
Iki ýaryşyň jemleri boýunça Wladimir Nowikowyň we Mark Pilýuginiň türgenleriniň hasabynda alty medal — iki altyn, üç kümüş we bir bürünç medal bar.
Ozal 100 metr aralyga erkin ýüzmekde kümüş medaly Musa Jalaýew gazanypdy.
Daşkentdäki ýaryş Türkmenistandan, Özbegistandan we Täjigistandan 265 ýüzüjini (196 erkek we 69 zenan) ýygnady.
ORIENT habarlar








