Dragon Oil – Türkmenistanyň Dubaýdaky Halkara maýa goýum forumynyň göwher hyzmatdaşydyr


Dragon Oil kompaniýasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçiriljek Halkara forumynyň göwher hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder.
Dragon Oil— uly taryhy we Ýakyn Gündogarda, Demirgazyk Afrikada we Hazar sebitinde iş tejribesi bolan halkara nebit kompaniýasydyr. Kompaniýanyň portfelinde — her gije-gündizde 180 müň barrelden gowrak önümçilik esasy we her gije-gündizde 1 milliard barrelden gowrak serişdeler esasy bardyr.
2000-nji ýyldan bäri Dragon Oil Türkmenistandaky Çeleken şertnama çäginde, şeýle hem Müsürdäki Sues aýlagynda we Yrakdaky 9-njy blokda işlerini üstünlikli alyp barýar. Çelekendäki şertnama uçastogy iki sany nebiti gazyp çykarýan Jeýtun we Jygalybeg ýataklaryny öz içine alýar, olar 10 metrden 30 metre çenli çuňlukda ýerleşendir.
2017-nji ýyldan bäri Müsürdäki we Yrakdaky esasy satyn alan ýerleriniň hasabyna we Türkmenistanda konsessiýasyny ýene-de 10 ýyla uzaldyp, 2035-nji ýyla çenli durnukly we artdyrylan gymmata gönükdirilen bukjany döretmäge gönükdirilen ösüş strategiýasyny işjeň ýerine ýetirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, paýdarlar üçin ýokary gymmaty üpjün edýär.
Dragon Oil kompaniýasynyň jemi gazyp almany 12% derejesine ýetirip, jemi ýyllyk ösüş (CAGR) depginine ýetendigini belläp geçmelidiris.
Dragon Oil kompaniýasynyň uzak möhletleýin strategiýasy howpsuzlygyň ýokary ölçeglerine daýanýan, daşky gurşawy goramak we etika meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýän kompaniýany halkara diwersifiisrlenen gazyp alyjy kärhana öwürmegi öz içine alýar.
Dragon Oil kompaniýasynyň esasy strategiki maksady organiki we organiki däl ösüşiň hasabyna 2026-njy ýyla çenli nebitiň gazylyp alnyşyny her gije-gündizde 300 müň barrele çenli artdyrmakdyr.
Dragon Oil Emirates National Oil Company Limited (ENOC) üsti bilen Dubaýyň hökümetine degişlidir, ol kompaniýada öz ülüşini 1998-nji ýylda satyn aldy.
2015-nji ýylda Emirates National Oil Company Limited (ENOC) Dragon Oil kompaniýasynyň paýnamalarynyň 100% satyn aldy.
ORIENT habarlar








