Ärdogan Putiniň «Akkuýa» AES-daky dabara gatnaşýandygyny mälim etdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putiniň wideo aragatnaşyk arkaly 27-nji aprelde meýilleşdirilen «Akkuýu» AES-na ýadro ýangyjynyň getiriliş dabarasyna gatnaşjakdygyny mälim etdi – diýip, «Anadolu» agentligi habar berýär.
Russiýanyň gatnşamagynda gurulýan «Akkuýu» stansiýasy ýangyjyň getirilmegi bilen ýadro desgasy bolar, Türkiýe bolsa – atom energetikasy bar bolan ýurtlaryň hataryna girer. «Akkuýu» atom energetiksynda howpsuzlyk boýunça ähli häzirki zaman halkara talaplaryna gabat gelýär.
Russiýanyň ВВЭР-1200 reaktorlary bilen enjamlaşdyryljak ähli dört blok işe girizilenden soňra Türkiýädäki ilkinji atom elektrik stansiýasy her ýylda 35 milliard kilowatt-sagat energiýa öndürer we Türkiýäniň islegleriniň 10% golaýyny ýapar.
Bu taslama «gur-eýe bol-işlet» modeli boýunça ýerine ýetirilýän dünýädäki ilkinji atom pudagydyr. Onuň bahasy — 20 milliard dollar töweregidir.
«Akkuýu» AES-nyň birinji energoblogynyň gurluşygy 2018-nji ýylyň aprelinde başlandy, ikinjisiniňki - 2020-nji ýylyň aprelinde, üçünjisiniňki - 2021-nji ýylyň martynda, dördünjisiniňki - 2022-nji ýylyň iýulynda başlanypdy.
TRT teleradiokompaniýasyna beren interwýusynda türk lideri Türkiýäniň ýurtda ikinji AES-nyň gurluşygyna taýýarlygy tizleşdirmegi niýet edinýändigini beýan etdi. Şeýlelikde, bu taslamany ýerine ýetirmek üçin eýýäm Hytaý we Günorta Koreýa bilen gepleşikler geçirildi, olaryň netijesi boýunça degişli çözgütler kabul ediler.
ORIENT habarlar








