Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Awtosalon Şanhaýda 1,5 müň birinji çykyşlary hödürlendi: «ýaşyl» awtoulaglar trendde

Aprel 19, 2023 | 01:23 |10690
Müňe golaý gatnaşyjy, onlarça dünýä premýerasy we elektrik ulaglary pudagyndaky soňky işläp taýýarlamalar. Sişenbe güni Şanhaýda 20-nji halkara awtosalon Auto Shanghai 2023 açyldy, - diýip TASS habar berýär.Müňe golaý gatnaşyjy, onlarça dünýä premýerasy we elektrik ulaglary pudagyndaky soňky işläp taýýarlamalar. Sişenbe güni Şanhaýda 20-nji halkara awtosalon Auto Shanghai 2023 açyldy, - diýip TASS habar berýär.
Çeşme: Газета.ру

Müňe golaý gatnaşyjy, onlarça dünýä premýerasy we elektrik ulaglary pudagyndaky soňky işläp taýýarlamalar. Sişenbe güni Şanhaýda 20-nji halkara awtosalon Auto Shanghai 2023 açyldy, - diýip TASS habar berýär.

Awtoulag senagatynyň Şanhaý halkara sergisi pandemiýadan soň ilkinji bolup awtoulag ägirtlerinden iň oňat täze önümleri hödürleýär. Dünýäniň dürli künjeginden öndürijiler 1,5 müň täze modeli getirdiler. Şolardan 100-si ilkinji gezek görkeziler we ondan arslan paýy Hytaýyň awtoulag pudagyndan.

IMG_20230419_005356.jpg

Esasy trend «ýaşyl» diýilýän awtoulaglar - ekologiýa taýdan arassa we hatda «berk» dizaýnly elektrik awtoulaglary. Batareýa bilen işleýän awtoulaglar awtoulag modasynyň äheňini düzýär. Hatda nemes BMW-iň wekilleri hem bazaryň talaplaryna uýgunlaşyp, öz elektrik awtoulagyny getirdiler.

Şeýle-de bolsa, Hytaý elektrikleşdirmegiň global hereketlendirijisi we birikdirilen awtoulag hyzmatlarynda öňdebaryjy bolup galýar. Bu ýer müşderileriň zerurlyklary çalt üýtgeýän we Hytaýyň awtoulag pudagyna ýolbaşçylyk edýän dünýäde iň çylşyrymly tehnologiýa bazarlaryndan biridir. Diňe geçen ýyl hytaýlylar 23 milliondan gowrak awtoulag satyn aldy.

upload-13-pic_32ratio_900x600-900x600-17454-1.jpg

Häzirki wagtda Hytaýda ýygnan awtoulaglara bäsdeşler çynlakaý seredýärler. Hünärmenleriň bellemegine görä, tehniki enjamşdyrmasy, hil we baha nukdaýnazaryndan häzirki wagtda olar dünýäniň awtoulag ägirtleri bilen bir «sazda». Täze önümleri sözüň doly manysynda her bir awtosalona «galyplaýarlar».

Öňdebaryjy Hytaý elektrik awtoulag öndürijisi BYD täze Seagull ykjam şäher elektrik awtoulagyny görkezer diýlip garaşylýar. Şeýle hem BYD-e degişli Yangwang premium markasyndan Mclaren P1-e meňzeýän U9 sport awtoulagynyň ilkinji görkezilşi uly gyzyklanma döredýär. Cherry kompaniýasyndan täze kaşaň elektrik awtoulagy Exeed Sterra ES-ä garaşylýar.

upload-04-pic_32ratio_900x600-900x600-72497-1.jpg

Daşary ýurt awtoulag öndürijileri hem ekologiýa taýdan arassa awtoulaglary bilen «öwünerler» - Volkswagen kompaniýasy zarýad bermezden 700 km çenli hereketli täze ID.7 elektrik sedany we kompaniýanyň hataryndaky iň ýokary çekijili elektrik hereketlendirijisini hödürlär. Mersedes-Benz sergide elektrik krossover EQS SUV-ny görkezer. Bu awtoulagyň dünýä derejesinde ilkinji görkezilşi bolar.

Öz önümlerini, şol sanda gaýtadan işlenen görnüşleri we düşünjelerini däp bolşy ýaly Toyota, Honda, Nissan, Mazda, Mitsubishi, Suzuki, Subaru, Buick, Chevrolet, Cadillac, Ford, Citroen, Peugeot, Renault hödürlär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026