Belarus dilinde «Orýol we reşka»: Minsk suratkeşi Wiktoriýa Walýukyň ýene bir sungat eseri Türkmenistanda gizlenen


Wiktoriýa Walýuk – Minskli suratkeş, ýeke-täk «Artefact» art-tur-şou taslamasynyň awtory, nobatdaky suratynyň Türkmenistanda, Türkmenabad şäherinde gizlenendigini aýtdy, - diýip «Minsk-Nowosti» agetntligi habar berýär.

Türkmenistanyň Lebap sebitinde «ýitirilen» kiçijik bir surat «Bahar» diýlip atlandyrylýar. Bu, täze durmuşy alamatlandyrýan ýaşyl we gök reňkdäki ýagly boýaglar bilen çekilen abstraktdyr. Surat ýerli gözel ýerlerde surata düşürildi we soňra Seýitnazar Seýdi sazly drama teatrynyň golaýyndaky merkezi seýilgähde galdyryldy. Artefakty tapan adam ony özine alyp biler – bu taslamanyň üýtgewsiz düzgüni şeýle.

Belarusly suratkeş Wiktoriýa Walýuk iki ýyl ozal Karib deňzinde adaty bolmadyk sungat sergisine başlady. Häzirki wagtda «Artefact» bütin dünýäde geçirilýär we Türkmenistana-da gelip «ýetdi». Awtoryň uly bolmadyk işleri adamlaryň ünsüni sungata çekmek, şeýle hem başdan geçirmeler we oýun ruhuny janlandyrmak üçin asylly tabşyryk alyp, bütin dünýä ýaýrady. Aýlaw görnüşindäki miniatýuralar garaşylmadyk ýerlerde gury çüýşelerde galdyrylýar ýa-da deňizlere atylýar.

Bu sergiden eksponaty tanamak aňsat: artefaktyň arka tarapynda suratyň ady, belgisi we senesi görkezilýär. Tapyndynyň ýerini we şekilini internetde barlap bilersiňiz, şeýle hem suratkeşiň özüne hat ýazyp bilersiňiz – artefakt bilen birlikde çüýşä suratyň awtoryndan hatjagaz goýulýar.

«Artefact» art-tur-şousynda Wiktoriýanyň her bir suraty artefakt statusyna we şahsy belgä eýe bolýar. Olary dünýäniň dürli künjeklerinde gizleýärler. Iki ýyldan gowrak wagt bäri (taslama 2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlandy), sungat taslamasynyň kolleksiýa nusgalary Sen-Marten, Trinidad, Barbados adalarynda gizlenipdi, Karib deňzinde we Gara deňizde suwa atyldy, Dubaýda, Wilnýusda, Warşawada, Kaliningradda, Moskwada, Rigada, Albenada, Tartuda, Daşkentde, Kobuletide we Belarusyň Slonim, Wolkowysk, Dobromysl oba hojalygy şäherjiginde galdyrylypdy. Türkmenistan sungaty meşhurlaýan bu üýtgeşik şouda nobatdaky ýeri bolsa-da, soňky ýeri däldir.

Wiktoriýa Walýuk Belarusly ýaş suratkeş. Minskde ýaşaýar we işleýär. Surat çekmek bilen meşgullanýar, sungaty öwrenýär, synag edýär we esasan ýagly boýaglar bilen işleýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilen 70-den gowrak halkara sergisine - ýekelikde we toparlarda gatnaşdy.
ORIENT news








