2024-nji ýylyň müçe nyşanynyň dizaýnyny işläp düzmek boýunça bütindünýä bäsleşigine badalga berildi


Pekiniň medeniýet we syýahatçylyk boýunça munisipal býurosy we Hytaýyň nepis sungatlar Merkezi akademiýasy (CAFA) 2024-nji ýylyň (Aždarha ýylynyň) müçe nyşanynyň dizaýnyny işläp düzmek boýunça bütindünýä bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
Dalaşgärlere, okuw mekdeplerine, kompaniýalara, dizaýnerçilik studiýalaryna we garaşsyz dizaýnerlere hytaý müçe jandaryna bagyşlanan dizaýnerçilik işlerini hödürlemek teklip edilýär, ol olaryň hytaý müçe ýyllarynyň medeniýetine düşünilişini açyp görkezmelidir. Aždarha — hytaý milletiniň ajaýyp ruhy alamatydyr. Ol Hytaýyň On iki müçe ýyllarynyň haýwanlarynyň arasynda ýeke-täk mifiki jandardyr.
Her bir iş birnäçe görnüşlerde — 2D, 3D, web-sahypa dizaýny, ulanyjynyň interfeýsiniň dizaýny, goşundynyň dizaýny, dowamlylygy 15 sekuntdan 3 minuda çenli bolan mahabatdan/filmden/mediadan gysgaça şekilli görnüş ýaly bolup biler.
Işler hytaý aždarhasy bilen baglanyşykly logotipler ýa-da tematiki plakatlar, däp bolup gelýän senetçilik işleri (önümleri), egin-eşik, bezeg serişdeleri we dokma önümleri we ş.m. görnüşinde bolup biler.
Ýüz tutmalar 2023-nji ýylyň 10-njy iýlyna çenli kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin bäsleşigiň resmi saýtynda hasaba alynmaly. Işiň ýany bilen dizaýnyň pikiriniň gysgaça beýany, ruhlandyrmanyň çeşmesi görkezilmelidir.
Şu ýylyň tomsunda yglan ediljek ýeňijilere pul baýraklary gowşurylar.
Bäsleşik we oňa gatnaşmagyň şertleri bilen jkme-jik şu salgylanma boýunça tanşyp bolýar.
ORIENT habarlar








