HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Starship gämisiniň ilkinji orbital synag uçuşy tehniki sebäplere görä ýatyryldy

Aprel 17, 2023 | 21:19 |5824
Duşenbe güni SpaceX Amerikan kompaniýasy tehniki sebäplere görä Starship kosmiki gämisiniň prototipiniň orbita ilkinji uçuşyny ýatyrdy. Ýaýlym kompaniýanyň saýtynda alnyp barylýar.Duşenbe güni SpaceX Amerikan kompaniýasy tehniki sebäplere görä Starship kosmiki gämisiniň prototipiniň orbita ilkinji uçuşyny ýatyrdy. Ýaýlym kompaniýanyň saýtynda alnyp barylýar.
Çeşme: spacex.com

Duşenbe güni SpaceX Amerikan kompaniýasy tehniki sebäplere görä Starship kosmiki gämisiniň prototipiniň orbita ilkinji uçuşyny ýatyrdy. Ýaýlym kompaniýanyň saýtynda alnyp barylýar.

Ýatyrylmagynyň sebäbi ýangyç ulgamynyň gysyp ýygnaýjy klapanlarynyň biriniň näsazlygydy diýip, kompaniýanyň wekili ýaýlymda aýtdy. Gaýtadan synanyşmak üçin azyndan 48 sagat dowam etjek gämidäki ýangyjyň hemmesini çalyşmaly bolar. Täze uçuşyň wagty entek kesgitlenmedi, - diýip TASS belleýär.

Uçuryş üçin ätiýaçlyk «penjireler» 18-nji we 19-njy aprele kesgitlenildi, ýöne kompaniýanyň inženerleriniň gämini galan wagtda uçuşa taýýarlap ýetişjekleri entek belli däl. Boka Çikada (Tehas) uçuş meýdançasyndan 120 metrlik raketanyň uçurylyşy ýerli wagt bilen 08:20-de bolar.

Köp gezek ulanylýan älem gämisi Starship Marsa uçuşlar üçin we 100 adama niýetlenendir. Gäminiň prototipleri eýýäm birnäçe gezek Ýere gaýdyp gelişli synag uçuşlaryny amala aşyrdylar. Emma şu wagta çenli olar Ýeriň atmosferasynda geçdiler. Starship uçuş synaglaryndan diňe 2021-nji ýylyň maý aýynda bolup geçen iň soňkysy enjamy bozmazdan geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

08:07 Awgust 25, 2026