HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy aşa agyr Starship raketasyny uçurar

Aprel 17, 2023 | 11:53 |6508
Starship atly ägirt raketa ulgamy ilkinji uçurylyşa taýýarlanýar, ol SpaceX kompaniýasy tarapyndan Aýa we Marsa adam tarapyndan dolandyrylýan missiýalar üçin gurlupdy – diýip, Reuters habar berýär.Starship atly ägirt raketa ulgamy ilkinji uçurylyşa taýýarlanýar, ol SpaceX kompaniýasy tarapyndan Aýa we Marsa adam tarapyndan dolandyrylýan missiýalar üçin gurlupdy – diýip, Reuters habar berýär.
Çeşme: bbc.com

Starship atly ägirt raketa ulgamy ilkinji uçurylyşa taýýarlanýar, ol SpaceX kompaniýasy tarapyndan Aýa we Marsa adam tarapyndan dolandyrylýan missiýalar üçin gurlupdy – diýip, Reuters habar berýär.

Raketanyň beýikligi 120 metre golaýdyr, onuň çekişi bolsa taryhdaky şuňa meňzeş raketalaryň islendiginden iki esse ýokarydyr. Starship Günorta Tehasdaky Boka-Çikadan uçurylar. Raketanyň 300 kilometr beýiklige ilkinji orbital uçuşy 90 minut dowam eder, ondan soňra ol Oahu (Gawaý) adasynyň kenaryndan 225 km uzaklykda Ýuwaş ummanyna düşer.

«Bu örän çylşyrymly ägirt uly raketanyň ilkinji uçurylyşydyr, şol sebäpli ol uçman hem biler» — diýip, SpaceX kompaniýasynyň baştutany Ilon Mask Twitterde bu barada öz belliklerini aýtdy. Ol bu ulag serişdesi adaty adamlar üçin planetalar arasyndaky syýahatlaryň eýýamyny açyp biler, her günde birnäçe gezek hemralary orbita uçurmaga mümkinçilik berer, edil reaktiw awialaýneriň Atlantikany kesip geçişi ýaly – diýip, ol öz pikirin beýan etdi.

14-nji aprelde raketanyň ABŞ-nyň raýat awiasiýasynyň Federal dolandyryşy tarapyndan 500 günden gowrak dowam eden barlagy tamamlandy. Gurluşyň ähli howpsuzlyk, ekologiýa, syýasat, peýdaly agram, howa giňişligine integrasiýasy ýaly talaplaryna gabat gelýändigi kesgitlendi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

08:07 Awgust 25, 2026