GDA-dan talyplar tehnologik telekeçilik boýunça Russiýanyň taslamasyna gatnaşyň bilerler


Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrligi talyplaryň «Uniwersitet tehnologiki telekeçiliginiň platformasy» taslamasyna gatnaşmak düzgünlerine üýtgetmeler girizip biler – diýip, ministrligiň baştutany Waleriý Falkowa salgylanyp, «Interfaks» habar berýär.
Üýtgetmelere görä, bu bäsleşige Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.
«Bu taslama GDA ýurtlaryndan talyplary çekmek mümkin we bu zerurdyr, sebäbi biz Russiýanyň biliminiň talyplar üçin özüne çekiji bolmagy üçin çynlakaý tagallalary edýäris» - diýip, Tomsk şäherinde ýaş alymlaryň U-Novus-2023 forumynda çykyş etmek bilen, Falkow belledi.
«Uniwersitet tehnologik telekeçiliginiň platformasy» federal taslamasy uniwersitet jemgyýetçiliginiň wekilleriniň telekeçilik işine goşulmagyny göz öňüne tutýar. Taslama öz startaplaryna başlaýan telekeçileriň toparynyň döremegine ýardam etmelidir, ýaşlaryň telekeçilik mümkinçiligini açmalydyr.
Munuň üçin taslamanyň çäklerinde birnäçe formatlary ýerine ýetirýärler: uniwersitetlerde startap-studiýalaryny açýarlar, «Telekeçiniň gaýnama nokady» kollektiwleýin işiniň meýdançasyny gurnaýarlar, okuwlary geçirýärler, uniwersitet startaplaryna maýa goýumlarynyň bir böleginiň öwezini dolmak maksatnamasyny ýerine ýetirýärler.
Bäsleşigiň seçiminden geçmegiň möhüm kriteriýasy talyplaryň hakykatdan işleýän taslamalary döretmegi öwrenmekleri üçin ýokary okuw mekdebiniň senagat hyzmatdaşlary we bilermen-işgärleri bilen hyzmatdaşlygy hasaplanýar.
ORIENT habarlar








