HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilon Maskyň SpaceX we Jek Manyň Alibaba kompaniýalary ITTC 2023 - Aşgabat halkara ulag maslahatyna gatnaşýandyklaryny tassykladylar

Aprel 17, 2023 | 12:05 |67704
Wekiliýetleriň ägirt köp sany, olaryň arasynda Ilon Maskyň  SpaceX-y we Jek Manyň Alibaba-sy «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş 2023» (ITTC 2023) atly 3-4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek ikinji halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin hasaba alyndylar.Wekiliýetleriň ägirt köp sany, olaryň arasynda Ilon Maskyň  SpaceX-y we Jek Manyň Alibaba-sy «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş 2023» (ITTC 2023) atly 3-4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek ikinji halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin hasaba alyndylar.
Çeşme: ITTC

Wekiliýetleriň ägirt köp sany, olaryň arasynda Ilon Maskyň SpaceX-y we Jek Manyň Alibaba-sy «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş 2023» (ITTC 2023) atly 3-4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek ikinji halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin hasaba alyndylar.

Bu maslahaty geçirmegiň maksady pandemiýadan soňky gaýtadan dikeldilme boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatylaşmak we halkara ýük daşamalary babatynda täze hakykylyklara uýgunlaşma we netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, halkara deňiz portlary, howa menzilleri we d/ý wokzallary ösdürmekdir.

Your browser does not support HTML5 video.

Maslahatyň barşynda «Gündogar-Günbatar» we «Demirgazyk-Günorta» ugurlarynda halkara ulag geçelgelerine girýän, şol sanda Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy bilen baglanyşmagyň çäklerinde Ýewraziýa ulag geçelgelerini we ugurlaryny artdyrmagyň mümkinçiliklerine, üstaşyr mümkinçililerine we ulag infrastrukturasyna garalar.

ITTC 2023 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulaglar we kommunikasiýa agentligi, «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary» «Türkmendeňizýollary» «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleri we «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» tarapyndan «Türkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda gurnalar.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri, halkara guramalarynyň wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we iri halkara maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşarlar. ITTC – 2023-iň işewür maksatnamasy maslahatdan we sergiden başga-da, ähtnamalara we şertnamalara gol çekilmegini, seminarlaryň, tegelek stollaryň geçirilmegini göz öňünde tutýar, olarda ýurdumyzyň we daşary ýurt bilermenleri ulag we logistika babatynda häzirki zaman tehnologik çözgütler bilen tanyşdyrylar. Şu güne çenli maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 40 ýurdundan 500-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy.

Wekiliýetleriň täsir galdyryjy sanawy SpaceX, Alibaba, Airbus, Boeing, General Electric, Lufthansa, Thales, Cargo Lux, Fly Dubai, Turkish Airlines, Dragon Oil, Vitol, Lukoil, Lenovo, Hyundai, Toyota, Casale, Sumitomo, KazGrain, РЖД ýaly belli halkara kompaniýalarynyň wekillerini, IATA (Howa ulagynyň halkara birleşmesi), ICS (Gämiçiligiň halkara palatasy), IRU (Awtoulag serişdelerini halkara birleşigini), halkara ulag guramalaryny, BMG-ni we başga-da köp sanly halkara ulag kompaniýalaryny öz içine alýar.

Maslahatyň sessiýalarynda we panel çekişmelerinde köp sanly halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň wekilleri – BMG-niň, ÝHHG-nyň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň we Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahatyň çäklerinde «Ulag we logistika» atly halkara ýöriteleşdirilen sergi gurnalar, ol ýerde ulag-logistika merkezleri, awtoulag tehnikasyny öndürijiler we onuň dilerleri, logistiki merkezlerini enjamlaşdyrmak üçin enjamlary üpjün edijiler, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, deňiz portlarynyň, howa menzilleriniň ýolbaşçylary we demir ýollaryň dolandyrylyşy bilan tanyşdyrylar.

Maslahatyň myhmanlary üçin Aşgabat-Türkmenabat awtobany boýunça tanyşdyrylyş sapary, Aşgabat şäheriniň halkara howa menziline we Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portuna syýahat gurnalar. Gatnaşmak üçin hasaba alynmak 26-njy aprele çenli açykdyr. Has jikme-jik maglumaty: www.ittc.com.tm saýtyndan alyp bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026