Türk kurortlary möwsümde 60 milliard dollar gazanmagy meýilleşdirýär


Türkiye 2023-nji ýylda rekord derejede 60 million adamyň gelmegine garaşýar. Bu barada Türk Ortaýer deňzi syýahatçylyk otelýerleri we operatorlary birleşiginiň (AKTOB) prezidenti Kaan Kaşif Kawaloglu habar berdi – diýip, Anadolu agentligi ýazýar.
Syýahatçylaryň köpelmegi bilen ýurt syýahatçylyk pudagyndan gelýän girdejiniň hem artmagyna garaşýar. “Dünýä syýahatçylygyny Türkiýe ýa-da Antalýa bolmasa, göz öňüne getirip bolmaz. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň 99 göterimi diýen ýaly, hyzmatlardan hoşal. 2023-nji ýylda syýahatçylykdan gelýän girdejileriň azyndan 55 milliard dollar boljakdygyna ynanýaryn. Maksat – 60 milliard dollar derejesine ýetmek. Bu ýyl syýahatçylyk girdejileri boýunça rekord ýyl bolar" – diýip, Kawaloglu aýtdy.
Türkiýe, esasanam Antalýa welaýaty, sagdyn we howpsuz syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürlemekde öňdebaryjy bolany üçin, Angliýada, Germaniýada, Benelýuks, Günbatar Ýewropa ýurtlarynda syýahatçylyk operatorlarynyň hemmesinde diýen ýaly uly meşhurlykdan peýdalanýar. 2019-njy ýylda ýurt dünýä syýahatçylyk pudagynda rekord goýdy. Şu ýyl Antalýa azyndan 15 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.
Muny myhmanhanalaryň köpüsiniň öňümizdäki möwsüm üçin eýýäm doludygyny habar beren türk myhmanhanalarynyň eýeleri tassykladylar. Olar iýun, iýul, awgust, sentýabr we oktýabr aýlarynda myhmanhana otaglarynyň 100 göteriminiň bron edilendigini bellediler.
ORIENT news








