Minsk 2023-nji ýylda GDA-nyň sport paýtagty diýip yglan edildi


Minsk 2023-nji ýylda GDA-nyň sport paýtagty diýlip yglan edildi we indiki, 2024-nji ýylda bu status Ermenistanyň Gýumri şäherine geçiriler. Bu karar Arkalaşygyň ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Samarkantda geçirilen mejlisinde kabul edildi.
Duşuşygyň netijesinde Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetine-de žurnalistlari işgärleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak üçin GDA-nyň esasy guramasy statusyny bermek barada karar kabul edildi.
Belarusiýada, şu ýylyň 5-13-nji awgustynda GDA ýurtlarynyň oýunlary geçiriler. Oýunlaryň maksatnamasy woleýbol, çeperçilik gimnastikasy, ýeňil atletika, 3x3 basketbol, gandbol, boks, suwda ýüzmek we beýleki sport ýaryşlaryny öz içine alýar.
GDA ýurtlaryndan başga-da Siriýa, Eýran, Müsür, Saud Arabystany, Hytaý, Malaýziýa, Liwan, Birleşen Arap Emirlikleri, Wýetnam we Kuba bu bäsleşige gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.
ORIENT news








