Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň wekilleri spartakiadada üstünlikli çykyş edýärler


Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň hünärmenleri ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işgärleriniň arasyndaky XII Spartakiada üstünlikli gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň furbol topary ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndysyndan üstün çykyp, ýarym final oýunda ussatlyk görkezdi. Ozal olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem Döwlet statistika komitetiniň wekillerinden üstün çykdylar.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň zenan işgärleri hem woleýbolda saglygy goraýyşyň, «Türkmenhimiýa» DK-niň we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgärlerinden düzülen toparyň düzüminde tapawutlandylar.
Toparlar ykjamlylyk, maksada okgunlylyk we ýeňşe bolan ýokary erki görkezdiler.
ORIENT habalar








