Tähran zenanlaryň bilim meselesinde Kabula kömek bermäge taýýar


Eýran aýal-gyzlaryň bilim meselesinde Owganystana kömek bermäge taýýar. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Eýranyň, Russiýanyň, Hytaýyň we Päkistanyň Samarkantda geçirilen dört taraplaýyn duşuşygynda aýtdy.
Dört ýurduň daşary işler ministrleri resmi däl gepleşikleri geçirdiler.
"Eýran Owganystandaky zenan biliminde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň kömegi bilen has köp goldaw bermäge taýýardyr" – diýen eýran ministriniň sözleri respublikanyň Daşary işler ministrliginiň Telegram kanalynda çap edildi.
Eýranyň Daşary işler ministriniň bu sözleri ýurtda aýal-gyzlaryň bilim almagy bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli, Talyban hökümetiniň birnäçe ýurt tarapyndan tankyt edilmegi nukdaýnazaryndan has-da ähmiýetlidir.
ORIENT news








