Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti (RUDN) GDA ýurtlary üçin žurnalistleri taýýarlar


Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetine (RUDN) žurnalist işgärleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça GDA-nyň esasy guramasy derejesini bermek göz öňünde tutulýar. Bu mowzuga Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 14-nji aprelde Samarkantda geçiriljek altynjy ýygnagynda serediler. Bu baradaky maglumat Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda çap edildi.
Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti 1960-njy ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda Russiýanyň iň halkara we köpugurly uniwersitetlerinden biridir. Uniwersitetiň düzüminde bäş fakultet, 10 institut we bir akademiýa hereket edip, 155 ýurtdan talyplar okaýar.
Anna güni Özbegistanda geçiriljek daşary işler ministrleriniň forumynda Türkmenistana Daşary işler ministri Raşid Meredow wekilçilik eder. Diplomatlar Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, ulag, energetika, medeni-gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.
ORIENT news








