Özbegistanda Konstitusiýa boýunça öňde duran referendum üçin Telegram-bot döretdiler


Özbegistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyny kabul etmek boýunça referenduma görülýän taýýarlygyň çäklerinde «REFERENDUM2023uzBot» telegram-bot döredildi – diýlip, Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.
Bu kanal öňde duran referendum barada ähli gerekli maglumaty özünde jemleýär.
Şeýlelikde, onda «Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy hakynda» atly Özbegistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyna bellikler, ilatyň we bilermenleriň ol baradaky pikirleri bilen ýerleşdirilendir.
Telegram-botuň kömegi bilen ses bermegi geçirmek bilen baglanyşykly köp gyzyklandyrýan soraglara jogaplary alyp bolýar, raýat jemgyýetiniň we dürli syýasy partiýalaryň täze Konstitusiýanyň taslamasy boýunça ählimilli ara alyp maslahatlaşma, wagyz çärelerine nähili garaýandyklary barada bilip bolýar.
ORIENT habarlar








